Hytaýda 125 million ýyl ozal ýaşap geçen adaty bolmadyk ýelekli dinozawrlaryň galyndylary tapyldy

  • 20.04.2025 19:04
  • 4.9k+

“Independent” neşiriniň habaryna görä, 125 million ýyl ozal ýaşap geçen iki sany öň mälim bolmadyk ýelekli dinozawryň galyndylary tapyldy diýip, Independent ýazýar. Olara Sinosauropteryx lingyuanensis we Huadanosaurus sinensis diýip at berildi.

Galyndylar 133-120 million ýyl ozal ýaşap geçen haýwanlaryň gowy saklanyp galan galyndylarynyň bar ýeri hökmünde tanalýan Jehol biotasy sebitinden tapyldy.
Huadanosaurus sinensis-iň güýçli äňleri we boýun myşsalary bolupdyr. Ol süýdemdirijileri awlap, awyny tutuşlygyna ýuwdupdyr diýip alymlar  çaklaýarlar. Onuň içegelerinde gemrijä meňzeş iki sany süýdemdirijiniň galyndylary tapyldy. Görnüşleriň ady, beýik bir şahsyýetiň doglan güni ýa-da wajyp bir edaranyň döredilen güni ýaly, möhüm wakalary alamatlandyrýan Huadan hytaý sözi bilen baglanyşyklydyr. Bu görnüşe şeýle at Hytaý Halk Respublikasynyň we Hytaý Ylymlar akademiýasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň hormatyna dakyldy.
Sinosauropteryx lingyuanensis galyndylaryň tapylan ýeri bolan Linýuan uýezdiniň  adyny göterýär. Bu dinozawryň uzynlygy takmynan 1,2 m, ol guşlar bilen iýmitlenipdir.
Iki görnüşiň hem ululygy meňzeş. Sinosauropteryx lingyuanensis beýleki haýwanlary awlapdyr we günüň islendik wagtynda hem işjeň bolup bilipdir. Huadanosaurus sinensis, tersine, gije gezipdir.
Bu açyş hek döwrüniň ekoulgamyna we bu dinozawrlaryň özüni alyp barş aýratynlyklaryna has gowy düşünmäge kömek edýär.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....