Hytaýly Szýuý Wenszýun küşt boýunça dünýä çempiony titulyny gorady

  • 16.04.2025 18:30
  • 2.4k+

Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony, hytaýly Szýuý Wenszýun watandaşy Tan Çžunine garşy oýunda öz titulyny üstünlikli gorady. Ýaryş Şanhaýda we Çunsinde geçirildi.

Dokuzynjy döwde ak mallar bilen oýnan Szýuý Wenszýun 6,5 utuk toplap, ýeňiş gazandy, bu hem oňa çempion titulyny üpjün etdi.
Ýaryşyň baýrak gaznasy 500 müň ýewro boldy. Ýeňiji 300 müň, utulan küştçi 200 müň ýewro alar.
Szýuý Wenszýun küşt täjini 2018-nji ýyldan bäri saklaýar. Şol wagt ol çempionlyk oýnunda şol bir Tan Çžunini utup, ilkinji gezek tituly gazandy. Soňra ol 2018-nji ýylda nokaut ulgamy boýunça geçirilen ýaryşyň finalynda russiýaly Ýekaterina Lagnony utup, tituly gorady.
2020-nji ýylda Szýuý Wenszýun russiýaly Aleksandr Gorýaçkinany, 2023-nji ýylda bolsa hytaýly Leý Tinszeni utdy. 


şu gün 11:41
1.1k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

16.01.2026 22:23
5.5k+

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar...

21.07.2025 18:50
4k+

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän dünýä çempionatynda 348,4779 utuk gazanyp, topar hasabynda altyn medal aldy. Bu barada World Aquatics halkara federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär...

09.07.2025 20:06
7k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...