Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy

  • 21.07.2025 18:50
  • 4k+

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän dünýä çempionatynda 348,4779 utuk gazanyp, topar hasabynda altyn medal aldy. Bu barada World Aquatics halkara federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türgenleriň arasynda 17 ýaşly Sýuý Hueýýan tapawutlandy. Bir gün öň ol “solo” dissiplinasynda altyn medal gazanyp, iki günde iki gezek dünýä çempiony boldy.
Kümüş medaly 334,7232 utuk bilen Ýaponiýanyň milli ýygyndysy aldy. Bürünç medala 321,1328 utuk gazanan Ispaniýanyň topary mynasyp boldy.
Ispaniýaly sinhronly ýüzüjiler soňky 14 ýylda topar hasabynda münbere ilkinji gezek çykdy.
Sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Singapurda geçirilýär.


15.03.2026 19:17
2.3k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...

01.02.2026 11:41
8.9k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

16.01.2026 22:23
5.5k+

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar...

09.07.2025 20:06
7k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...