Hytaýda geçirilen synagyň netijesinde dronlaryň kömegi bilen gurak sebitde güýçli ýagyş ýagdyryldy

  • 08.05.2025 16:33
  • 9.8k+

Hytaýyň Meteorologiýa müdirliginiň inženeri Li Biniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dronlar arkaly bulutlara täsir etmek boýunça synag geçirdiler. Bir günüň dowamynda, 8 müň inedördül kilometr meýdanda ýagşyň mukdary 4% artdy. Bu bolsa, takmynan, 78 müň 200 kub metr suw diýmegi aňladýar, bu hem 2 metr çuňlukdaky 30 howzy doldurmaga ýeterlikdir. Bu barada «South China Morning Post» habar berýär.

Synag 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirildi, netijeleri bolsa ýaňy-ýakynda, 10-njy aprelde «Desert and Oasis Meteorology» ylmy žurnalynda çap edildi. Iki sany dron Sinszýan-Uýgur awtonom raýonyndaky Baýanbulak öri meýdanlarynyň üstünden dört gezek uçup geçdi. Bu sebit çölleşme we buzluklaryň eremegi sebäpli, agyr zyýan çekýän ýerleriň biri hasaplanylýar.
Dronlar 5500 metr beýiklikde kümüş iodidini atmosfera sepdiler, bu madda emeli ýagyş ýagdyrmak üçin köp ulanylýan maddalaryň biridir. Jemi 500 gram maddanyň her 125 gramlyk bölegi dört sany piropatronda ýerleşdirilip, duman görnüşinde atmosfera çykaryldy we sekuntda 0,28 gram tizlikde sepildi. Netijede, güýçli ýagyş ýagyp başlady.
Bu netijeleri tassyklamak üçin, alymlar spektrometriň görkezijilerine, hemra maglumatlaryna we klimatiki modellere ýüzlendiler. Gözlegleriň netijesinde, damjalaryň diametri 0,46 millimetrden 3,22 millimetre çenli, ýagny ýedi esse ulaldy. Bulutlaryň beýikligi 3 kilometre çenli ýokarlanyp, olaryň ýokarky bölegindäki temperatura 10 °C peseldi. Umuman, ýagyşyň mukdary 3,8% bilen 4,3% aralygynda artdy.
Bu synag Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky gurak sebitlerde tebigy ösümlik örtügini dikeltmek üçin möhüm ädim bolup biler. Şeýle-de bolsa, bu tehnologiýanyň daşky gurşawa ýetirip biljek täsirleri heniz doly öwrenilmedi.


düýn 23:37
1.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......