«Çanýe-5» missiýasy Aýyň topragynda durnukly uglerod gurluşlaryny tapdy

  • 06.05.2025 11:03
  • 3.5k+

Hytaýyň «Çanýe-5» missiýasy bilen Aýdan getirilen toprakdan täsin uglerod birleşmeleri tapyldy. Alymlar bu birleşmeleriň grafene meňzeş gaty gurluşdygyny we olaryň mukdarynyň garaşylandan has ýokarydygyny aýtdylar. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijeleri «Nature Communications» žurnalynda çap edildi.

Bu birleşmeler meteoritleriň Aýyň ýüzüne urlan mahaly ýokary temperatura we basyş bilen emele gelen bolmaly. Barlaglar bu birleşmeleriň düzüminde agyr uglerod-13 izotopynyň köpdügini görkezdi. Bu bolsa olaryň diňe kosmosdan gelmändigini, ýagny Aýdaky reaksiýalaryň netijesinde hem dörändigini görkezýär.
Şeýle gurluşlar örän durnukly bolýar we beýleki ownuk organiki maddalar ýaly çalt dargamaýar. Şonuň üçin hem Aýda atmosfera bolmasa-da, uglerod toprakda saklanyp galypdyr.
Bu açyş Gün ulgamynyň taryhyny öwrenmek we geljekde Aý bazalaryny döretmek üçin möhüm maglumatlary berýär.


düýn 14:38
2.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....