Ýerden 625 metr ýokarda: 2025-nji ýylyň tomsunda Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsi açylar

  • 17.04.2025 12:20
  • 13k+

2025-nji ýylyň tomsunda Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Guýçžou welaýatyndaky Beýpan derýasynyň üstünden geçýän, dünýäniň iň beýik köprüsi boljak Huaszýan-Kanýon asma köprisi ulanyşa giriziler. Bu barada «Popular Science» neşiri habar berýär.

Bir dagdan beýlekisine çenli ýol ozal bir sagada çekýän bolsa, indi bu köpri bilen şol ýoly birnäçe minutda geçip bolar. Sürüjiler 625 metr beýiklikdäki çuň jülgeleriň üstünden geçýän täze ýol bilen hereket ederler.
Huaszýan-Kanýon köprisi – inženerçilik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr. Çünki köpri örän kyn şertlerde gurulýar. Her biri 262 metr beýiklikdäki iki sany diňiň arasynda uzap gidýän asma troslar 1420 metr uzynlykdaky esasy geçelgäniň üstünden geçýär.

Bu troslar ýokary belentliklerde adaty bolan güýçli ýellere garşy durnukly bolar ýaly edilip ýörite taýýarlanyldy. Köpriniň esasy göteriji polat gurluşy 93 sany bölekden ybarat bolup, olaryň umumy agramy, takmynan, 22 müň tonna barabar – bu hem iki sany Eýfel diňiniň agramyna deň diýen ýalydyr.
Takmynan, 283 million dollar çykdajy bilen bary-ýogy üç ýylyň dowamynda gurlan Huaszýan-Kanýon köprisi Hytaýda amala aşyrylan ilkinji täsin asma köpri taslamasy däl.
Dünýäniň iň beýik on köprüsiniň sekiz sanysy Hytaýda guruldy. Häzirki wagtda rekordyň eýesi bolan 565 metr beýiklikdäki Duge köprüsi hem Hytaýda ýerleşýär. Şeýle hem golaýda açylan, uzynlygy 24 kilometr bolan we bir bölegi suwyň astyndan geçýän Guandundaky ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem 10 sany dünýä rekordyny goýdy.






 


düýn 08:03
6.1k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.7k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....