ABŞ Mars ýaryşynda yza galdy: Hytaý 2031-nji ýyla çenli ilkinji bolup Gyzyl planetadan toprak getirer

  • 23.04.2025 16:29
  • 9.4k+

Ak tam NASA-nyň «Mars Sample Return» (Marsdan nusga getirmek) maksatnamasyna maliýe goldawynyň ýatyrylmagyny teklip etdi. Bu maksatnama Marsdan ýygnalan toprak nusgalarynyň Ýere getirilmegini maksat edinýärdi. Çykdajylaryň artmagy we gijikmeler sebäpli kabul edilen karar bu ugurda öňdeligi Hytaýa berýär. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär.

ABŞ-nyň öz maksatnamasyny ýatyrýan mahaly, Hytaýyň «Týanwen-3» missiýasynyň 2028-nji ýylda uçurylmagy we takmynan, 600 gram mars topragyny 2031-nji ýylda Ýere getirmegi meýilleşdirilýär.
«Mars Sample Return» maksatnamasynyň ýatyrylmagy alymlarda uly alada döredýär. Sebäbi, «Perseverance» mars roweriniň ýygnan nusgalary Marsyň geologiýasy we onuň üstünde ýaşaýşyň ozal bolup-bolmandygy barada juda gymmatly maglumatlary berip bilerdi. Olaryň getirilmeginiň gijikmegi ylmy barlaglaryň haýallamagyna sebäp bolup biler. Şeýle-de bu karar taslamada NASA bilen bilelikde iş alyp barýan Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) hyzmatdaşlygyny hem sorag astyna alýar.
Ak tamyň karary ABŞ-nyň kosmos syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň üýtgändigini, şeýle hem Hytaýyň kosmos giňişligini öwrenmekdäki täsiriniň barha artýandygyny görkezýär. ABŞ-nyň býujet taýdan kynçylyk çekýän döwründe, Hytaý Marsdan toprak getirmek we taýkonawtlary Aýa ugratmak ýaly maksatnamalaryny batyrgaý dowam etdirýär. Bilermenleriň pikirine görä, ABŞ-nyň bu taslamadan el çekmegi onuň halkara hyzmatdaşlarynda ynamsyzlyk döretmek bilen bir hatarda, kosmosdaky öňdebaryjy ornuny hem gowşadyp biler.


11.06.2026 23:52
7.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....