DeepSeek bütin dünýäniň peýdalanmagy üçin çeşme kodlaryny açyk ýagdaýda saklar

  • 16.04.2025 09:54
  • 2.4k+

Hytaýyň Russiýadaky ilçisi Çžan Hanhueýiň «TASS» agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, DeepSeek emeli aň ulgamy açyk çeşme kodlaryny saklap galar, bu bolsa bütin dünýä üçin peýdaly bolar.

«Hytaýyň DeepSeek neýron tory açyk çeşme kodlaryny hödürläp, emeli aň tehnologiýalaryny bütin dünýä bilen bilelikde ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de meşhur HuggingFace platformasynda açyk çeşmeli meşhur modelleriň ýarysyna golaýy hytaýly işläp düzüjiler tarapyndan döredilendir» — diýip, diplomat aýtdy.

DeepSeek kompaniýasy DeepSeek-R1 we DeepSeek-V3 ýaly ösen emeli aň modelleri bilen tanalýar. Bu modeller ýokary netijeliligi bilen tapawutlanyp, türgenleşdirmek üçin çykdajylarynyň azlygy bilen hem ünsleri özüne çekýär. Mysal üçin, DeepSeek-V3 modelini türgenleşdirmek bary-ýogy 6 million dollara düşdi – bu bolsa OpenAI tarapyndan döredilen GPT-4 ýaly modeller bilen deňeşdirilende ep-esli arzandyr. DeepSeek dürli dillerde teksti işlemekde, matematikada we programmirlemekde ýokary netijeleri görkezýär.
Ýatlatsak, mundan ozal OpenAI kompaniýasy ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna howp salýandygyny öňe sürüp, Hytaýyň DeepSeek emeli aň ulgamynyň gadagan edilmegini teklip sedipdi.


18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......