Mart boýunça awtoulaglaryň satuwy: Hytaý we ABŞ ösüşde, Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar peselýär

  • 25.04.2025 15:05
  • 7.7k+

2025-nji ýylyň mart aýynda dünýäde ýeňil we ýeňil täjirçilik maksatly awtoulaglaryň satuwy 8,57 million birlige ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu barada «GlobalData-nyň» gözlegine salgylanyp, «Just Auto» habar berýär.

Birinji çärýekde tas 22 million sany awtoulag satyldy – bu hem 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6% köpdür.
Hytaý öňdäki ornuny pugtalandyryp, 2,39 million sany (+11,3%) awtoulag satdy. ABŞ 1,61 million sany awtoulag satyp (+11,2%), ikinji orunda ýerleşdi.
Günbatar Ýewropada ösüş pes boldy – 1,46 million awtoulag (+0,6%), Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar pese gaçdy: satuwlar 12,5% azalyp, 359 müň awtoulag boldy.
Beýleki bazarlaryň arasynda Ýaponiýa 495 müň (+10,9%), Kanada 183 müň (+15,4%) we Günorta Koreýa bolsa 147 müň (+1,9%) awtoulag bilen tapawutlandy. Günorta Amerika bolsa 14,2% ösüş bilen geň galdyrdy, ol ýerde 229 müň awtoulag satyldy.
Bazarlaryň ýagdaýy durnuksyzlygyny dowam etdirýär.


düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......