Sian şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde medeni çäreler guraldy

  • 20.04.2025 14:19
  • 3k+

Hytaýda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde Şensi welaýatynyň Sian şäherinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Konsert zalynyň eýwanynda türkmen artistleriniň wekiliýeti Türkmenistan barada fotosurat sergisini gurady. Hytaýly tomaşaçylar Türkmenistan, Aşgabat, Arkadag şäheri we beýleki gözel ýerlerimiz hakynda gürrüň berýän fotosuratlara uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Monitorda ýurdumyzyň köp ugurlarda gazanan ykdysady üstünlikleri görkezildi.
Konserti «Dehistan» folklor-etnografik topary açdy. Çykyşlaryň dowamynda hytaýly tomaşaçylar milli lybaslar, türkmen halkynyň toý dabaralary we dostlukly, parahatçylygy söýýän ýurduň meşhur watançylyk hem liriki aýdymlary bilen tanyşdylar.
Konsertde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaşasyn parahat durmuş» we Magtymguly Pyragynyň sözlerine kompozitor Weli Muhadowyň döreden «Uýat eýleýir», «Garlawaç» aýdymlary ýaňlandy.

Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew «Ene» atly aýdymyny hytaý dilinde ussatlarça ýerine ýetirdi.
Sazandalar Myrat Aşyrow we Sarwar Sabirow dutarda we doýrada ýaryş gurap çykyş etdiler. Çykyş wagty «Şükür bagşy» atly filminden parçalar görkezildi.

Konserte Şensi welaýat halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary hem gatnaşdy.
Konsert ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda möhüm orun eýelän «Küştdepdi» milli tansy bilen tamamlandy. 
Konserte gatnaşyjylaryň hemmesi tomaşaçylara hoşallyk bildirmek üçin sahna çykdy, olaryň arasynda aýdymçy Aky Ýagşygeldiýewa, Munisa Hudaýbergenowa, Gurbangylyç Nurgylyjow we beýlekiler bardy.



04.06.2026 18:42
4.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......