Pekinde gumanoid robotlaryň we adamlaryň arasynda taryhda ilkinji ýarym marafon geçirildi

  • 19.04.2025 23:01
  • 5.4k+

Hytaýda adamlar bilen deň derejede gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda dünýäde ilkinji ýarym marafon geçirildi. Bu barada The Global Times neşiri habar berýär.

Pekindäki ylgaw ýaryşy 12 müň adamy we 20 gumanoid roboty jemledi, olar 21 km aralygy geçdi. Robotlardan ilkinji bolup pellehana Milli robototehnika merkezi tarapyndan döredilen Tien Kung Ultra geldi. Ol bu aralygy, ýolda ýykylandygyna garamazdan, 2 sagat 40 minutda geçdi.
Adamlaryň arasynda Efiopiýadan türgenler ýeňiji boldy: erkekleriň arasynda iň gowy wagt 1 sagat 2 minut, zenanlaryň arasynda 1 sagat 11 minut boldy.


CNN-iň habar bermegine görä, robotlara saklanmaga rugsat berildi. Dynç alşyň we suwuň deregine, olaryň batareýasy çalşyldy. Şeýle-de, roboty çalyşmak mümkinçiligi boldy, ýöne munuň üçin 10 minut jerime berilýärdi.
The Global Times-yň ýazmagyna görä, Tien Kung Ultra pellehana gelenden soň, “hiç hili ýadawlyk alamatyny görkezmedi”. Marafona gatnaşyjylar onuň bilen surata düşdi, şondan soň işläp düzüjiler roboty sylaglama dabarasyna alyp gitdi.
Ýaryş Hytaýyň tehnologiýalary ösdürmäge ymtylýandygyny görkezýär. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ýurtda “herekete getirilen aňyň” bazary 2025-nji ýylda 730 mln dollara ýeter, bu bolsa dünýä bazarynyň, takmynan, 27%-ine deňdir.





düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....