«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

  • 17.04.2026 16:36
  • 13k+

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada ylalaşyk baglaşypdy.

Täze tapgyryň işe girizilmeginiň Türkmenistanyň iri eksport bazary bolan Hytaýy tebigy gaz bilen üpjün ediji hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkitmegine garaşylýar.

Käniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi mynasybetli şu gün geçirilen dabaralar barada TmCars redaksiýasy günüň dowamynda has giňişleýin habar berer.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......