Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

  • 23.04.2026 15:50
  • 17k+

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň demirgazyk sebitine tarap geçirijilik ukybyny we hereketleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşik alty sany lota bölündi. Taslama diňe bir ýol düşegini täzelemegi däl, eýsem inženerçilik desgalaryny ösdürmegi hem göz öňünde tutýar:

  • Lot № 6 — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň I böleginiň (0–155 km) durkuny täzelemek we täzesini gurmak.
  • Lot № 6A — Ýoluň II böleginiň (155–285 km) durkuny täzelemek we täzesini gurmak.
  • Lot № 6B — Ýoluň III böleginiň (285–415 km) durkuny täzelemek we täzesini gurmak.
  • Lot № 6Ç — Ýoluň IV böleginiň (415–546 km) durkuny täzelemek we täzesini gurmak.
  • Lot № 6D — Ýoluň ugrunda täze awtomobil köprüsini gurmak.
  • Lot № 6Е — Ýoluň ugrunda bar bolan dokuz sany awtomobil köprüsini abatlamak.

Gyzyklanma bildirýän gatnaşyjylar Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine şu salgy boýunça ýüz tutup biler: Aşgabat ş., Azady (2011) köçesiniň 95-nji jaýy. Gatnaşmak üçin edaranyň doly ady, hukuk derejesi we bank rekwizitleri görkezilen arza tabşyrylmalydyr (ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan taraplaryň arzalary kabul edilmeýär).

Gatnaşyjylar degişli kanunlar we düzgünler bilen tanşyp, tehniki tabşyrygy we her lot boýunça 1500 ABŞ dollaryny (goşulan baha üçin salgydy we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler «Türkmenistan» gazeti tarapyndan bildiriş resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.


18.06.2026 18:14
894

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

11.06.2026 13:44
3.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......