Kezzaplykda aýyplanýan Messiniň we AFA-nyň garşysyna kazyýet işi gozgaldy

  • 17.04.2026 11:21
  • 13k+

«Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi we Argentina futbol assosiasiýasy (AFA) kezzaplykda hem-de şertnama borçlaryny bozmakda aýyplanýar. VID promouterlik kompaniýasy bu mesele boýunça Günorta Floridanyň kazyýetine şikaýat arzasy bilen ýüz tutdy.

​Kazyýet resminamalaryna görä, VID kompaniýasy Argentinanyň ýygyndysynyň Wenesuela we Puerto-Riko garşy oktýabr aýynda geçirmeli iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny guramak hukugy üçin AFA-na 7 million dollar töläpdir.

Söwdalaşygyň baş şerti oýunlara 38 ýaşly kapitanyň gatnaşmagydy. Şertnama boýunça Messi, eger şikesi bolmasa, her duşuşykda azyndan 30 minut meýdançada bolmalydy. Emma Wenesuela garşy oýunda futbolçy meýdança çykmady. Guramaçylar bolsa şol wagt Messiniň hiç hili şikesiniň bolmandygyny öne sürýärler.

​Promouterler Messiniň we AFA-nyň bu hereketleriniň kompaniýany «millionlarça dollar» zyýana goýandygyny mälim etdiler. Kompaniýa diňe bir ýitirilen serişdelerini däl, eýsem goşmaça öwez puluny hem talap edýär.

​Lionel Messi taryhda iň köp baýrakly futbolçydyr. Ol 2022-nji ýylyň dünýä çempiony, Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi we köp sanly beýleki ýokary derejeli baýraklaryň eýesidir. Ol 2023-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň «Inter Maýami» toparynda oýnaýar we geçen möwsümde toparyna ilkinji gezek MLS çempiony bolmaga kömek etdi.


11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 16:49
9.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....