ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady

  • 25.04.2025 16:17
  • 3.6k+

Amerikanyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) Alibaba Damo Panda EA ulgamyna “öňegidişlik gazanan enjam” derejesini berdi. Ol aşgazanasty mäziň düwnük keselini irki tapgyrda anyklamak üçin niýetlenýär.

Ulgam lukmançylyk suratlaryny seljerip, keseliň başlanmagyny görkezip biljek dokumalardaky hatda ownujak üýtgeşmelere-de üns berýär.
Emeli aňa düwnük keseliniň ösüşi bilen bagly aýratynlyklary ýüze çykarmak “öwredildi”. Onuň iş netijeliligi Nature Medicine žurnalynda ýerleşdirildi.
Hytaýda ulgam Ninbo hassahanasynda 40 000 hassada synagdan geçirildi. Synaglar barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Ulgamy işläp taýýarlamak bilen Alibaba-nyň Damo Academy bölümçesi meşgullanýar. Geljekde kompaniýa taslamany giňeltmek üçin Ankon Medical Technologies ýaly lukmançylyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.

“Öňegidişlik gazanan enjam” derejesiniň berilmegi tehnologiýanyň ABŞ-da ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ulgam diagnoz wagtyny gysgaldyp, hassalar üçin çaklamalary gowulandyryp biler.


şu gün 11:02
1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 14:47
4.9k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......