Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar

  • 21.04.2025 12:28
  • 5.6k+

Huawei we China Unicom Sýunan sebitinde ilkinji giň zolakly 10G ulgamyny işe girizdi. Ol dünýäde şeýle derejeli ilkinji çözgüt bolan 50G PON tehnologiýasyna esaslanýar.

Täze ulgam geçiriş ukybyny adaty gigabit derejesinden 10G çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, gijikdirme bolsa millisekunta çenli azalýar.
Synaglaryň dowamynda 9834 Mbit/sek ýükleme tizligi, 1008 Mbit/sek iberiş tizligi hasaba alyndy, gijikdirme 3 msek boldy. Bu görkezijiler öý internetiniň häzirki standartlaryndan ep-esli ýokarydyr.
Ilkinji ulanyjylaryň biriniň aýtmagyna görä, eger ozal 4K formatly filmi ýükläp almak üçin birnäçe minut sarp edilýän bolsa, indi muňa bary-ýogy birnäçe sekunt gidýär.

“Meni öýde birbada birnäçe akylly enjamlar ulanylan ýagdaýynda-da, ulgamyň öňküsi ýaly bökdençsiz işlemegi, 8K wideony açmagyň, 4K wideo gözegçiliginiň, ýokary tizlikli internet kibersport oýunlarynyň we “akylly öý” ulgamlarynyň bolsa durnukly işlemegi has geň galdyrdy” – diýip, mydrivers portaly onuň sözlerini getirýär.

Täze ulgam 8K-wideo, bulut hyzmatlary, VR we AR, şeýle-de bulut oýunlary ýaly “agyr” programmalary kynçylyksyz ulanmaga mümkinçilik berýär.
Beýleki bir habarda bellenilişi ýaly, Pekinde käbir ulanyjylar eýýäm 10G internet ulgamyny barlap gördi. Ol ýerde ýükleme tizligi – 9340,22 Mbit/sek, iberiş tizligi – 6311,59 Mbit/sek boldy. 90 GB göwrümli 8K filmini ýüklemek indi gigabit ulgamyndaky 12 minutyň deregine, takmynan, 72 sekunt wagt alýar.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......