Şanhaýda halkara awtosalon açyldy: dünýä brendleri 100-den gowrak ulag hödürlär

  • 23.04.2025 12:33
  • 3.4k+

Şanhaýda 21-nji halkara awtosalon öz işine başlady. Ol 10 gün, 23-nji aprelden 2-nji maýa çenli dowam eder. Guramaçylar bu döwürde sergä 1,3 mln adamyň gelmegine garaşýar.

Sergide 100-den gowrak täze ulag görkeziler. Oňa 26 ýurtdan we sebitden 1000-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Myhmanlar Audi, BMW, Cadillac, Mazda, Nissan, Mercedes-Benz, Ford, Honda, Porsche, Toyota, Volvo we beýleki brendleriň täze awtomobillerini görüp biler. Öz ulaglaryny BYD, Exeed, Li Auto, Hongqi, Xiaomi, XPeng, Zeekr ýaly hytaý öndürijileri hem görkezer.
Mysal üçin, Audi we Mercedes-Benz bu sergä A5 we CLA modelleriniň uzaldylan görnüşlerini getirdi. Lexus täze nesil ES sedanyny görkezer. Mazda we Honda hem täze krossowerleri taýýarlaýar. Volkswagen we BMW kompaniýalary bolsa sergide birbada birnäçe model görkezmegi meýilleşdirýär.
Şanhaýda awtosalonyň taryhy 1921-nji ýylda başlady. Şol wagt ýerli awtodilerler bambuk karkasly pawilýonlary gurup, ilkinji sergini geçirdi. Häzirki günde awtosalon dört ýaprakly kleweriň şekilinde gurlan National Exhibition and Convention Center (NEEC) toplumynda geçirilýär. Bu dünýäde iň uly sergi merkezidir. 


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......