Volvo 65 müň dollardan XC90 2025 modelini tanyşdyrdy

  • 17.04.2025 12:02
  • 6.2k+

Volvo kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Volvo XC90» flagman krossowerini Hytaý bazarynda resmi taýdan tanyşdyrdy. Ulagyň bahasy 479 müň ýuandan (takmynan, 65 müň dollardan) başlaýar diýip, «ITHome» portaly habar berýär.

Täze «XC90-da» adaty skandinaw äheňdäki dizaýn saklanyp galypdyr, ol daşky görnüşi boýunça 2024-nji ýyldaky model bilen tas birmeňzeş. Salonynda sanly gurallar paneli, dik görnüşli uly ekranly media ulgamy (oňa Huawei-niň programmalar dükany hem ornaşdyrylan) hem-de proýeksiýa displeýi bar. Ulag kör nokatlar üçin monitoring ulgamy, töweregi doly görkezýän kamera ulgamy we sürüjä kömek edýän dürli tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan.
Oturgyçlary tebigy Nordico deri bilen örtülen. Iň ýokary derejeli komplektasiýalarda Bowers & Wilkins ses ulgamy, geçiriş karobkasynyň täze «hrustal» görnüşli ruçkasy we telefonlar üçin simsiz zarýad beriş enjamy elýeterlidir.

«Volvo XC90-nyň» ölçegleri: 4953 × 1958 × 1778 mm. Alyjylar üçin dürli hereketlendirijili görnüşler hödürlenýär: şol sanda elektrik togy bilen zarýad berilýän T8 gibrid görnüşi, şeýle hem B5 we B6 ýaly benzinli görnüşleri. Ähli görnüşler 2,0 litrlik turbinaly benzinli hereketlendiriji we 48-woltlyk goşmaça elektrik ulgamy bilen üpjün edilýär. B5 görnüşi 184 kWt (250 at güýji) kuwwat we 350 Nm tork berýär, B6 bolsa 220 kWt (299 at güýji) we 420 Nm öndürýär. T8 gibrid ulgamynyň umumy kuwwaty 335 kWt (455 at güýji), torky bolsa 709 Nm. Diňe elektrik togy bilen 70 kilometre çenli ýol geçip bilýär.



21.05.2026 11:31
6k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.5k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....