Hytaýda bir çaga magnit lewitasiýaly örän ýeňil ýürek oturdyldy

  • 16.04.2025 18:42
  • 9.2k+

Uhandaky Tunszi lukmançylyk kollejiniň ýanyndaky Bileleşik hassahanasynyň lukmanlary özboluşly operasiýa geçirdi. Olar ýedi ýaşly çaga magnit lewitasiýaly emeli ýüregi oturtdy.

Bu ýüregiň agramy bary-ýogy 45 gram bolup, diametri 2,9 sm ýetýär. Bu öz hatarynda agyr ýürek şikesi bolan çagalar üçin döredilen iň ykjam we iň ýeňil ýürekdir.
Operasiýany 30-njy martda ýürek-damar hirurgiýasy bölüminiň müdiri, professor Dun Nýango geçirdi. Çaga (makalada oňa Szýunszýun toslama ady berilýär) ýürek nogsanlygynyň ahyrky tapgyryndan ejir çekýärdi. Operasiýadan soň eýýäm ikinji günde ol özbaşdak dem almaga başlady, ýene bäş günden soň bolsa dikeldiş bölümine geçirildi. Onuň ýagdaýy durnukly.
Emeli ýürek alymlar tarapyndan Shenzhen Core Medical kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. Ol öz meňzeşlerinden 50% kiçi bolup, üçünji nesil magnit lewitasiýasyny ulanýar. Gurluş gan akymyny minutda 1500 – 3600 aýlanyşyk tizligi bilen kadalaşdyrýar, bu hem energiýany tygşytlap, batareýanyň iş möhletini uzaldýar.
Hytaýda her ýyl, takmynan, 40 000 çaga ýürek kesellerini bejermäge mätäçlik çekýär. Ýöne şolardan diňe 7-10%-i donor ýüregini alýar. Ozal agramy 14 kg-den az bolan çagalar üçin laýyk gelýän enjam ýokdy.
Taslama 2021-nji ýylda başlady we ol 19 ylmy merkezi birleşdirip, 212 çaga transplantasiýasynyň tejribesine esaslanýar. Ýürek diňe bir ömri halas etmän, eýsem çagalara ýüregi dikeltmek ýa-da donor ýüregine garaşmak üçin wagt berýär. 


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......