Hytaýda pajygaly ýol-ulag hadysasyndan soň, «akylly» we «awtonom» sürüşi mahabat etmek gadagan edildi

  • 18.04.2025 15:09
  • 7.1k+

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi awtoulag öndürijilere «akylly sürüş» we «awtonom sürüş» diýen sözleri mahabat materiallarynda ulanmagy gadagan etdi. Bu karar mart aýynda «Xiaomi SU7» elektrosedany bilen bolan heläkçilikli ýol hadysasyndan soň kabul edildi diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Derňewiň netijesine görä, ýol heläkçiligi sürüjiniň ADAS kömekçi ulgamynyň öçürilmeginden birnäçe sekunt soň, dolandyryşy öz eline almagy bilen ýüze çykypdyr. Şol wagt awtoulag sagatda 97 kilometr tizlige ýetip, beton sütün bilen çaknyşypdyr.
Indi ähli awtoulag öndürijileri sürüjä ýardam berýän ulgamlaryň islendik uzakdan täzelenmelerini döwlet gözegçilik edaralary bilen ylalaşmaly we olary ulanyşa girizmezden öň doly synagdan geçirmeli bolarlar. Gadaganlyk 2025-nji ýylda çykjak täze awtoulaglara gurlan ADAS täzelenmelerini hem öz içine alýar diýip, «Reuters» neşiri ýazýar.
Täze düzgünleriň tehnologiýalaryň ýaýraýyş tizligine täsir etmegine garaşylýar. Ýöne bu çäreler bazardaky durnuksyzlygy peseltmäge we gaty çalt ösýän elektrikli awtoulag (EV) pudagyndaky howplary azaltmaga kömek eder. Häzirki wagtda Hytaýda elektrik we gibrid ulaglaryň paýy eýýäm 50%-den geçýär.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......