Hytaýda dünýäniň iň uly suw uçary ulanylmaga berildi. Oňa 12 tonna çenli suw sygýar

  • 24.04.2025 12:26
  • 13k+

Hytaýyň Raýat awiasiýasynyň baş müdirligi (CAAC) AG600M “Kunlun” raýat suw uçaryny tassyklady. Ol dünýädäki iň uly amfibiýa uçary hasaplanýar.

Işläp taýýarlama Hytaýyň AVIC korporasiýasy tarapyndan amala aşyryldy. Ulag serişdesiniň görnüşi tassyklanylandan soň uçar resmi taýdan ulanyşa girizildi.
AG600M iki ýyl synagdan geçdi. Bu döwürde uçaryň birnäçe prototipi 2000-den gowrak uçuş etdi. 10 müňden gowrak görkezijileri barlandy. Uçuşyň umumy wagty 3560 sagat boldy. Işläp düzüjileriň berýän maglumatlaryna görä, bu Hytaýyň awiasiýa pudagy üçin rekord.

Taslama milli ähmiýete eýe boldy. Ony döretmäge ýurduň 292 kärhanasy we 16 uniwersiteti gatnaşdy.
AG600M 12 tonna çenli suwy daşamaga ukyply. Onuň iň uzak uçuş aralygy 4500 kilometre barabardyr. Uçar ýangyna garşy göreşmek, halas ediş işlerini we beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....