Apple Hytaýyň smartfon bazarynda bäşinji orna düşdi

  • 19.04.2025 23:05
  • 7.4k+

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda smartfon bazary 3,3% ösüp, 71,6 mln smartfona ýetdi. IDC-niň maglumatlaryna görä, ösüşe 810 dollara çenli bahadaky smartfonlar üçin döwlet ýeňillikleri we Hytaý Täze ýylynyň baýram edilen döwründe möwsümleýin isleg ýardam etdi.

Şol bir wagtyň özünde, döwlet goldawy Apple-iň ähli önümlerine degişli bolmady we bu hem onuň bazardaky ornuna täsir etdi. Brend çärýegi 13,7% bazar paýy bilen jemläp, bäşinji orna düşdi. Hytaýda iPhone üpjünçiligi 9% azaldy, bu hem ilkinji bäşlikdäki kompaniýalaryň arasynda iň uly pese gaçyş boldy.
Bazaryň öňdebaryjysy Xiaomi boldy – onuň üpjünçiligi 39,9% ýokarlanyp, 13,3 mln smartfona, paýy bolsa 13,3%-e ýetdi. Huawei üpjünçiligini 10% - 12,9 mln smartfona we paýyny 18%-e çenli artdyryp, ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda 11,2 mln smartfon we 15,7% paý bilen Oppo ýerleşdi. Dördünji orunda Vivo: 10,3 mln smartfon we 14,4% paý.
Ilkinji bäşligiň daşyndaky öndürijiler üpjünçiligi 14% azaldyp, bazaryň 19,5%-ini eýeledi. 


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......