Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyjy bilen işleýän reaktory üstünlikli işe girizdi

  • 20.04.2025 23:39
  • 2.7k+

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyçly 2 MWt-lyk synag üçin niýetlenen ergin-duzly reaktory (EDR) üstünlikli işe girizdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär.

Şanhaýyň amaly fizika instituty tarapyndan dolandyrylýan reaktor hiç hili durmazdan, öz ýangyjyny doly ulanyp, soňra täzeden dolduryp, doly iş tapgyryny tamamlady. Ýangyç we ýylylyk geçiriji hökmünde eredilen duzlardan peýdalanýan tehnologiýa uran bilen işleýän reaktorlara garanyňda has howpsuz, tygşytly we zyýanly galyndylary az döredýär. Hytaýda toriý känleriniň köplügi ýurdy bu ugur boýunça has-da güýçlendirýär.
Toriý esasly EDR-lar az mukdarda radioişjeň galyndy döredýär we Ýeriň gabygynda urana garanyňda üç esse köp duş gelýän toriý elementini ulanýar.
Bu tehnologiýa 1960-njy ýyllarda ABŞ-da gizlin saklanyp, soňy bilen aýan edilen maglumatlara esaslanýar. Şol döwürde toriýli reaktorlar uranlylara ýer beren bolsa-da, Hytaý bu tehnologiýany 2011-nji ýylda başlap tiz wagtda kämilleşdirip, bäsdeşlerini yzda galdyrdy.
Geljekki meýilnamalaryň arasynda, 2030-njy ýyla çenli işjeň ýagdaýa getiriljek 10 MWt-lyk EDR we ýadro ýangyçly ýük gämileri üçin toriý reaktorlaryny döretmek bar. Bu meýilnamalar Hytaýyň ýadro energetikasyndaky uly maksatlaryny has-da berkidýär.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....