«Ýönekeý»: Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa girmek — ýokary derejeli bilim almagyň ýoly

  • 18.04.2025 22:18
  • 9.5k+

Dünýäniň iň depginli ösýän ýurtlarynyň birinde ýokary hilli bilim almak isleýäňizmi? «Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň Pekin, Şanhaý, Uhan, Taýbeý, Hançžou, Nannin, Kunmin hem-de Dalýan ýaly 25 sany esasy iri şäherlerinde ýerleşýän öňdebaryjy uniwersitetlere girmekde hemmetaraplaýyn giňişleýin goldaw berýär.

Hytaýda okamagyň peýdaly taraplary:

  • Giň hünär ugurlary. Hytaý uniwersitetleri öz gyzyklanmalaryňyza laýyk gelýän hünäri saýlamaga mümkinçilik berýän dürli görnüşli bakalawr we magistratura maksatnamalaryny hödürleýärler.
  • Halkara derejede ykrar edilmegi. «Ýönekeý» bilen hyzmatdaşlyk edýän ähli uniwersitetler resmi riýestre girýär we olaryň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hem doly ykrar edilýär.
  • Hytaý dilini öwrenmek. Dil gurşawyna aralaşmak — bu diňe bir dil öwrenmek bilen çäklenmän, şonuň bilen birlikde Hytaýyň baý medeniýeti bilen hem tanyşmakdyr.
  • 1-nji okuw ýylyndan okuwa başlamak mümkinçiligi. Iňlis dilini (TOEFL 75+, IELTS 6.0+, Duolingo 120+) ýa-da hytaý dilini (HSK4 180+) derejelerde bilýän talyplar okuwy gönümel birinji okuw ýylyndan başlap bilýärler.
  • Tomusky kabul edişlik. Munuň esasy aýratynlygy — giriş resminamalaryny tomus möwsüminde tabşyrmak mümkinçiligidir. Ol okuw ýylyny özüňe oňaýly görnüşde meýilleşdirmek üçin laýykdyr.

Hytaýdaky türkmen talyplary
Hytaýda okap bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçiligi barha ösýär. HHR-de bilim almak Türkmenistanda we halkara zähmet bazarynda professional derejede ösmek we zähmet ýoluny gurup kämilleşdirmek babatda örän giň hem geljegi uly mümkinçilikleri açýar.
Okuwlaryň tölegleri, okuw maksatnamalary hem-de uniwersitetleriň aýratynlyklary barada has anyk maglumatlary almak üçin resmi.yonekey.com resmi portalyna girmek maslahat berilýär. Şeýle hem web saýtda okuwlaryň şäherleri barada maglumat materiallary, Hytaýda okap ýokary bilim almagyň aýratynlyklary barada webinaryň ýazgysy hem-de arza bermek elýeterlidir.
Portalda hasaba alnandan soň, kompaniýanyň hünärmenleri mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin her bir dalaşgär bilen gysga wagtyň içinde habarlaşarlar. «Ýönekeý» kompaniýasy okuw maksatnamasynda ýerleriň sanynyň çäklidigini we gyzyklanma bildirýän dalaşgärlere Hytaýyň uniwersitetlerine arzalaryny gijikdirmän tabşyrmagy teklip edýär.



26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......