Hytaý kosmosda bolan embrionlara mikrograwitasiýanyň täsirini öwrenýär

  • 05.05.2025 12:27
  • 2k+

Hytaýly alymlar “Týangun” orbital stansiýasynda alty aýlap bolan adamlaryň we haýwanlaryň embrionlaryna mikrograwitasiýanyň eden täsirini öwrenip başlarlar. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasyna salgylanýan TASS habar berýär.

Onuň WeChat-daky sahypasynda görkezilişine görä, çarşenbe güni “Şençžou-19” missiýasynyň ekipažy Ýere 37,25 kg nusga getirdi. Olar dürli kosmos synaglarynda, şol sanda biologiki synaglarda ulanyldy.
Mysal üçin, olaryň arasynda ösüşiniň irki döwründäki embrionlar, adamyň süňk we sütün öýjükleri, belok nusgalary we miwe çirkeýleri bar.

"Bu nusgalaryň seljermesi kosmosda adamyň saglygyny gorap saklamaklyga degişli möhüm maglumatlary almaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar" - diýip, Ylymlar akademiýasy belledi.

"Şençžou-19” kosmos gämisi 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda pekin wagty bilen  04:27-de Szýuszýuan kosmodromyndan uçuryldy. Uçarda üç sany taýkonawt, şol sanda bir aýal bardy. Olar alty aý stansiýada bolup, ekipaž çalşygyndan soň 30-njy aprelde Ýere gaýdyp geldiler.
“Týangun” orbital stansiýasy, takmynan, 400 km belentlikde ýerleşýär. Onuň agramy 66 tonna, içki göwrümi 110 kub metr. Stansiýa üç adam üçin niýetlenendir, ýöne ekipažlaryň çalyşýan wagty wagtlaýynça alty sany taýkonawty ýerleşdirip biler.
Stansiýa 2022-nji ýyldan bäri kadaly tertipde işleýär we halkara ylmy taslamalara gatnaşýar.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....