Huawei we SAIC kompaniýalary arzan bahaly täze elektrokar brendi bolan "Shangjie-ni" işe girizýär

  • 20.04.2025 17:52
  • 1.1k+

Hytaýyň Huawei tehnoägirdi bilen SAIC awtokonserni hyzmatdaşlykda Shangjie atly täze elektromobil brendiniň döredilýändigini yglan etdiler. Bu brendiň ilkinji awtoulagy 2025-nji ýylyň güýzünde satuwa çykar. Bu barada Huawei Consumer Business Group-yň ýolbaşçysy Riçard Ýu Hytaýda geçirilen çäräniň dowamynda habar berdi.

Ýunyň aýtmagyna görä, taslamanyň başlangyç tapgyryna 6 milliard ýuan (takmynan, 820 million dollar) maýa goýuldy we onuň üstünde 5 müňden gowrak işgär işleýär.
Shangjie awtoulaglary SAIC-niň önümçilik hatarlarynda öndüriler, ýöne geljekde bu brendiň öz zawody bolar.
Täze brend HIMA bileleşiginiň bäşinji agzasy boldy. Häzirki wagtda bu bileleşige Aito, Luxeed, Stelato we Maextro brendleri hem girýär. Huawei we onuň hyzmatdaşlary häzirki wagtda ýedi sany elektrokar modelini öndürýärler. Shangjie tarapyndan hödürlenjek täze model bolsa iň arzan wariant bolar. Onuň bahasy, takmynan, 150 müň ýuan (takmynan, 20 müň dollar) bolar.
Täze awtoulag SAIC Roewe ES39 platformasynyň binýadynda döredilýär we esasan ýaş alyjylara gönükdirilýär. Onuň satuwy HIMA-nyň satuw kanallary arkaly amala aşyrylar. Häzirlikçe bu brendiň daşary ýurt döwletlerine çykyp-çykmajakdygy barada maglumat ýok.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......