Tesla ABŞ-nyň nyrhlary sebäpli, Hytaýda Model S we Model X üçin sargytlary kabul etmegi bes etdi

  • 16.04.2025 09:51
  • 3.4k+

Tesla kompaniýasy ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dowam edýän söwda gapma-garşylyklary sebäpli, Model S we Model X elektromobilleri üçin Hytaýda sargytlary kabul etmegini bes etdi. Bu barada «Teslarati» habar berýär.

Häzirki wagtda Tesla China-nyň resmi web sahypasynda diňe Model 3 we Model Y modelleri elýeterli. Müşderilere Model S, Model X we Cybertruck barada diňe maglumat almaga mümkinçilik berilýär. Şeýle-de bu iki model boýunça täze sargytlary kabul etmek Tesla-nyň Hytaýda ulanylýan WeChat mini messenjerindäki hasabynda hem togtadyldy.
Tesla-nyň Hytaýdaky Gigafactory zawody diňe Model 3 we Model Y öndürýär. Model S we Model X bolsa ABŞ-dan getirilýär. Şonuň üçin olar hytaýly alyjylar üçin has gymmat bolýar. Ähtimal, Tesla-nyň Hytaýdaky bölümi bu modeller boýunça sargytlary kabul etmegi şol sebäpden besen eden bolmaly.
Hytaý ABŞ-dan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň möçberini 125%-e çenli ýokarlandyrdy. Bu karar ABŞ-nyň hytaý harytlaryna salynýan gümrük paçlarynyň möçberini 145%-e çenli ýokarlandyrmagyna garşy jogap hökmünde kabul edildi.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....