Hytaýda dünýäniň iň uly «ýüzýän balyk fermasy» işe girizildi

  • 18.04.2025 16:16
  • 9k+

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Hytaýyň Tsindao şäherinde balyk we beýleki deňiz önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin, 150 müň tonnalyk akylly gämi işe girizildi.

Bu gämi 2022-nji ýylda işe girizilen dünýäde ilkinji ferma gämisi bolan «Guoxin 1-iň» kämilleşdirilen görnüşidir.
Täze «Guoxin 1 №2-1» atly gäminiň uzynlygy 245 metr (takmynan, iki futbol meýdançasy ýaly), ini bolsa 45 metr. Rezerwuarlaryň umumy göwrümi 100 müň m³. Gäminiň ýyllyk balyk öndürijilik kuwwaty – 3600 tonna.
Bu ýerde, esasan, sary gorbyl, losos we forel ösdürilip ýetişdiriler.
Gämide 15 sany akwakultura moduly, dört sany akymly tegelek howuz we 22 sany synag rezerwuary bar. Gämidäki işleriň 90%-i mehanizirlenen, olaryň 45%-i bolsa doly awtomatlaşdyrylan. Bu bolsa zähmet çykdajylaryny 20% azaldýar.

«Bu diňe bir gämi däl, eýsem tutuşlygyna ýapyk aýlawly ýüzýän zawod» — diýip, işläp düzüjileri belleýär. Gämi awtomatlaşdyrylan iýmitlendiriş ulgamlaryny, suwuň hiline sanly gözegçiligi we tutulan balyklary gaýtadan işlemek üçin «akylly» çözgütleri ulanýar.

2025-nji ýylyň oktýabrynda «Guoxin 1 №2-2» atly ýene bir gäminiň hem bu flotuň düzümine goşulmagyna garaşylýar.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....