Taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak köpçülige görkezildi

  • 25.04.2025 22:12
  • 5.9k+

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Hytaý Milli kosmonawtika gününi belledi. 55 ýyl mundan ozal bu günde ilkinji hemra “Dunfan Hun-1” uçurylypdy.

Bu waka mynasybetli ýurt ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan “Çane-6” missiýasy tarapyndan ýygnalyp getirilen toprak nusgalaryny köpçülige hödürledi.
Günorta polýus – Eýtken basseýninde ýygnalan nusgalar Shanghai World Expo Center sergi merkezinde goýuldy. Ol ýerde 2020-nji ýylda getirilen “Çane-5” missiýasynyň materiallary hem hödürlenýär.
Aýyň arka tarapyna gonmaga taýýarlyk 2019-njy ýylda başlady. Aýda hereket etmek üçin niýetlenen “Ýuýtu-2” enjamy nätanyş ýerleri öwrenip, mantiýa jynslarynyň iki görnüşini ýüze çykardy, bu hem möhüm ylmy açyş boldy.
“Çane-6” enjamy 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Wençan kosmodromyndan “Çançžen-5 Y8” raketasynda uçuryldy. 2-nji iýunda ol Günorta polýus – Eýtken basseýninde gondy we iki kilogram töweregi toprak ýygnady. 4-nji iýunda enjam Ýere gaýdyp geldi we taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan nusgalary getirdi. 


düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....