Lexus Hytaýda özüniň ilkinji elektromobil zawodyny gurýar

  • 17.04.2025 22:30
  • 5.9k+

Lexus awtoulag öndürijisi Hytaýyň Şanhaý şäheriniň Szinşan etrabyndan 1,13 million inedördül metr meýdan satyn alyp, Hytaýda dolulygyna özüne degişli ilkinji elektromobil zawodyny gurmak üçin 185 million dollar töledi. Ýer 50 ýyl kärendesine berildi, ol elektromobiller bilen akkumulýatorlaryň önümçiligi üçin peýdalanylar. Bu barada «CnEVPost» neşiri habar berýär.

Bu zawod Toyota-nyň Lexus brendini Hytaý bazarynda giňeltmek strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Lexus-yň ilkinji elektrikli modeliniň önümçiligine 2027-nji ýylda başlanylar. Ilkinji tapgyrda zawod ýylda 100 müň awtoulag öndürer we takmynan, 1000 adam üçin täze iş ornuny döreder.
Lexus kompaniýasy Hytaýda Tesla-dan soň ýerli hyzmatdaşsyz öz awtoulag zawodyny açýan ikinji daşary ýurt brendi bolar. Bu karar kompaniýanyň ýerli bazardaky pozisiýasyny güýçlendirer we geljekde bäsdeşligiň emele gelmegine täsir eder.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......