Hünärmenler Hytaý bolmasa, Maskyň Optimus robotlarynyň köpçülikleýin önümçiligini gijikdirmeli boljakdygyny aýdýarlar

  • 23.04.2025 15:09
  • 7.7k+

Tesla kompaniýasy bu golaýda bahasy 20 müň dollarlyk Optimus gumanoid robotlaryny köpçülikleýin öndürip bilmez. Robototehnika pudagynyň hytaýly bilermenleri şeýle pikir edýärler diýip, South China Morning Post habar berýär.

Baryp 2024-nji ýylyň ortalarynda Ilon Mask Optimus-yň her ýylky önümçiliginiň wagtyň geçmegi bilen bir million birlikden geçjekdigini aýdypdy. Şeýle hem milliarder Teslanyň 2026-njy ýyla çenli robotlary köpçülikleýin öndürip başlamagyny göz öňünde tutýardy. Emma ol şonda, hünärmenleriň pikirine görä, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dartgynlylygynyň ýüze çykaryp biljek netijelerini göz öňünde tutmandy.
Bellenilişi ýaly, bu gumanoid robotlaryň esasy bölekleri – herekete getirijileri, çipleri, bogunlary we daşarky bölekleri - esasan köpçülikleýin önümçiligi öňden ýola goýlan Hytaýdan getirilýär.
Seljerijileriň biriniň sözlerine görä, hytaý kompaniýalary Optimus-yň ähli bölekleriniň üçden iki bölegini öndürýär. Bu Tesla-a robotyň özüne düşýän gymmatynyň pes boljagyna bil baglamaga we öz robotlary üçin elýeterli bahalary wada bermäge mümkinçilik beripdi.


düýn 20:41
5.8k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

28.04.2026 15:24
11k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

19.04.2026 13:14
3.6k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......