Bazardaky bäsdeşlik Nissany Hytaýda krossowerleriň önümçiligini ýapmaga mejbur etdi

  • 28.04.2025 14:04
  • 5.6k+

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Hytaýyň Uhan şäherindäki zawodynda awtoulag öndürmegi bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýagdaýdan habarly çeşmeler Reuters habarlar gullugyna habar berdiler.

Şeýle karara gelinmeginiň sebäbi ýylda 300 müň awtoulag öndürmek üçin niýetlenen zawodyň iş ýüküniň azalmagy bilen bagly boldy. Zawod Ariya elektrik krossowerini we X-Trail wnedorožnigini öndürýär. Emma 2022-nji ýylda işe başlany bäri önümçilik 10 müň awtoulagdan geçmedi. Hytaý awtoulag öndürijileriniň güýçli bäsdeşligi ýapon kompaniýasynyň ýagdaýyna ep-esli basyş etdi.
Nissan Uhan şäherindäki önümçilik desgalaryny Dongfeng Motor-dan kärendesine alýar.
Nissan-dan önümçilik hataryny ýapmak meýilnamasy barada entek resmi teswir gelmedi.
Ondan öň kompaniýa rekord maliýe ýitgilerini çekýändigini habar beripdi. Nissan 31-nji martda tamamlanan maliýe ýylynyň jemi boýunça 700 milliarddan 750 milliard ýen aralygynda (takmynan 4,87 - 5,22 milliard dollar) ýitgi çekdi. Bu ýitgiler kompaniýanyň paýnamalarynyň gymmatynyň gaçmagy bilen baglanyşykly.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....