Hytaýly talyplar 2 müň ýyl ozalky resept boýunça tüwi bişirdiler

  • 08.05.2025 12:34
  • 4k+

Hytaýdan talyplar topary Han nesilşalygynyň döwrüne degişli bambuk golýazmasyndaky tekst boýunça tüwini bişirmegiň gadymy usulyny dikeltdi. Şeýle tagam 2 müň ýyldan gowrak wagt ozal taýýarlanypdyr diýip, Interesting Engineering portaly ýazýar.

Hunan uniwersitetinden we Pekindäki Hytaý oba hojalygy uniwersitetinden 11 talyp döwlet wekili Wu Ýanyň guburyndan tapylan Han döwrüniň (b.e.öň 202-nji ýyl – b.e. 8-nji ýyly) “Şi Fan” bambuk golýazmasyny öwrendi. Tekstde tüwiniň, towuk çorbasynyň we bugda bişirilen balygyň taýýarlanyş usuly beýan edilipdir diýip, China Daily belleýär.
Golýazmada bişirmegiň takyk wagty görkezilmändir. Şonuň üçin talyplar taýýarlanyş usulyny gytaklaýyn alamatlar boýunça dikeltmeli boldy. Taslamanyň ýolbaşçysy, dosent Şi Sziniň bellemegine görä, tagam hakyky bolmalysy ýaly bişmedik bolsa gerek.
Topar tüwini bişirmek üçin gadymy gaplardan ýüz öwürdi. Olaryň deregine agaç bug gaplary we häzirem oba ýerlerinde ulanylýan palçyk küýzeleri ulanyldy.
Tüwiniň görnüşini saýlamakda hem kynçylyk ýüze çykdy. 2 müň ýylyň içinde tüwi üýtgedi, şonuň üçin hünärmen çagyryldy. 40 müň görnüşden Han döwründe Hunanda ösdürilip ýetişdirilen görnüşe meňzeş ýelmeşmeýän tüwi saýlandy.
Ilkibaşda tüwi 30 minut suwa ezildi, soňra suwy dökülip, 20 minut bişirildi. Howada guradylandan soň ýene-de 15 minut buglandy.
Şef-aşpeziň aýtmagyna görä, netijede ýumşak, seçelenýän, gowy tagamly we şeker düzümi az bolan tüwi alyndy.
Ýuelu akademiýasyndan amerikaly professor Piter Braýan Ditmanson bu usuly TikTok-da öňe sürjekdigini aýtdy.
Talyplar golýazma bilen işlemegi dowam etdirip, beýleki tagamlary hem dikeltmegi meýilleşdirýär.


şu gün 11:02
1.1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....