Şanhaýyň naýbaşy restoranlaryň biri 550 dollara pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär

  • 27.04.2025 12:20
  • 11k+

Şanhaýdaky Posh China restorany myhmanlara sterilizasiýa edilen pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär. Şeýle geň hezzetiň bahasy 550 dollara ýetýär, hyzmatyň özi bolsa hakyky teatrlaşdyrylan sahna öwrülýär diýip, SCMP neşiri habar berýär.

Bu restoran meşhur bloger Mixue's Culinary Notes baryp gaýdandan soň hemmäniň ünsüni özüne çekip ugrady. Ol Internetde "Şanhaýdaky täze restoran akyl ýetirişiň çägini giňeldýär" diýen ýazgyly wideony ýerleşdirdi.
Düşünjäni işläp taýýarlamak üçin restoranyň eýeleri ýedi ýylyny Ýunnan welaýatynyň tropiki tokaýlaryny öwrenmeklige sarp etdiler. Menýu ekologiýa taýdan arassa we adaty bolmadyk tagamlar girýär. Olaryň arasynda agaç ýapraklary, bally buz kubjagazlary bar, ýöne iň naýbaşy süýjülik - sterilizasiýa edilen we guradylan pil tezeginden ybaratdyr.
Tropiki äheňde bezelen 15 tagamdan ybarat günortanlyk nahary 3888 ýuan (takmynan 550 dollar) durýar. Içgileriň puly aýratyn tölenýär. Tagamlar saçaga giden bir däp-dessur görnüşinde alynýar: myhmanlara gös-göni janly ösümliklerden ýapraklary ýolup almak we olary çigligine jazly bulamaga batyryp iýmek teklip edilýär, hyzmatçy bolsa “sazlaşykly näsazlygyň ekologiki aşhanasy” düşünjesi hakynda jikme-jik gürrüň berýär.
Tagamlaryň biri - bir jam gara lödere, ysy raflesiýanyň ysyny berýär, ösümligi ýöne ýere jeset liliýasy diýip atlandyrmaýarlar. “Pil tezegindäki güller” diýilýän desert agşamlyk naharynyň jemleýji akkordyna öwrülýär. Ol ösümlik atyry bilen yslandyrylan, miwe mürepbesi, tozgajyk we bal sorbeti bilen bezelen kitirdewük tezekden ybarat.
Lezzeti has içgin duýup, ömürlik ýatlama öwrülmegi üçin, myhmanlara “desert gezelenji” hödürlenýär, onda halaýan ösümlik atyrlaryňy we miwe mürepbäňi saýlap bolýar, şeýlelik bilen hem öz aşpezlik täsirleriňi şahsylaşdyrmak mümkin.


düýn 09:50
4k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......