Arzan bahadan aerotaksi hyzmaty Hytaýda eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli işe girizilip bilner

  • 20.04.2025 23:38
  • 4.5k+

Mart aýynyň ahyrynda Hytaýyň EHang kompaniýasy ýolagçylary howa arkaly gatnatmak üçin ýurduň degişli edaralaryndan resmi taýdan rugsat aldy. Bu rugsat kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň iki sebitinde «awiagezelençleri» ýola goýmaga hem-de bu hyzmat üçin töleg almaga mümkinçilik berýär. EHang kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, petegiň bahasy ähli ýolagçylar üçin elýeterli bolar.

Şu ýylyň ahyryna çenli Ehang kompaniýasy Guançžou we Hefeý şäherlerinde esasy ugurlar boýunça gatnawlary ýola goýar. Elektrik bilen işleýän we doly awtomatlaşdyrylan EH216-S kysymly uçarmansyz uçar iki ýolagçyny gatnadyp bilýär. Bu enjam howada, takmynan, 30 kilometr aralyga çenli uçup bilýär. Hatda hereketlendirijileriň ýa-da propellerleriň bir bölegi işden çyksa-da, ýörite howpsuzlyk ulgamy arkaly uçar ýuwaşlyk bilen ýere gondurylýar.
Ehang kompaniýasynyň wise-prezidenti He Tiansin «Nikkei Asian Review» neşiri bilen söhbetdeşlikde, petekleriň ýörite platformalar arkaly satyljakdygyny, emma bahalaryň entek kesgitlenmändigini aýtdy. Şeýle-de ol bu hyzmatyň köpçülige niýetlenendigini, şonuň üçin hem tölegleriň adaty halk üçin elýeter boljakdygyny nygtady. 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, EHang Tailandda ýolagçyly synag uçuşlaryny amala aşyrýar. Tailand häkimiýetleri täze ulag hyzmatyna oňyn garaýarlar, şonuň üçin EHang bu ýurda aýratyn üns berýär.
EHang dünýäde ilkinji bolup ýolagçylary aerotaksi arkaly gatnatmagy maksat edinse-de, bu ugurda bäsdeşlik örän güýçli. Mysal üçin, ABŞ-nyň Joby Aviation kompaniýasy hem şu ýylyň ahyryna çenli ähli zerur şahadatnamalary alyp, Dubaýda ýolagçy gatnatmaga başlamakçy bolýar. Ýaponiýada bolsa Joby-niň elektrikli uçarlarynda ýolagçy gatnatmak isleýän birnäçe ýerli awiakompaniýa bar, olar hem bu işe öňümizdäki iki ýylyň dowamynda başlamagy göz öňünde tutýarlar. SkyDrive atly startap bolsa bu hyzmaty 2028-nji ýyla çenli işe girizmegi maksat edinýär.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......