Hytaý dünýäde ilkinji bolup uçarmansyz aerotaksileriň ulanylmagyny resmi taýdan tassyklady

  • 06.04.2025 13:01
  • 6.5k+

Hytaý uçarmansyz uçýan taksileriň täjirçilik ulanylyşyna resmi taýdan rugsat beren ilkinji ýurt boldy. South China Morning Post neşiriniň habar bermegine görä, HHR-iň Raýat awiasiýasy edarasy (CAAC) Ehang Holdings we Hefi Hey Airlines kompaniýalaryna degişli şahadatnamalary berdi.

Bu rugsat şeýle taksileri ýolagçylary gatnatmak hem-de gezelenç bilen birlikde “howa logistikasy” pudagynda hyzmatlar üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle enjamlaryň ýaňy dörän bazarynda öňdebaryjy dik uçýan EHang EH216-S drony hasaplanýar. Ol awtomatik režimde ugry gurup, nawigasiýany üpjün edip, uçup we gonup bilýär. Ýöne onuň mümkinçilikleri häzirlikçe çäklendirilen: uçuş 25 minutdan köp dowam etmeýär, salon bolsa iki ýolagça niýetlenen.
Şonuň üçin howa menzilleriniň we şäherleriň arasynda köpçülikleýin uçuşlar barada gürrüň etmekden heniz ir. Bu tapgyrda uçarmansyz aerotaksiler, has dogrusy, eksklýuziw attraksion bolup galýar.
Hytaý häkimiýetleri ýük dronlaryny, dirižabllary we aeromobilleri öz içine alýan bu pudagy ösdürmegi çaltlaşdyrmak isleýär. Pudak biotehnologiýalar, kwant hasaplamalary, EA we 6G bilen bir hatarda ileri tutulýan ugurlaryň hataryna girýär.
Häzirki wagtda uçarmansyz aerotaksileri bütin dünýäde 300 töweregi kompaniýa işläp taýýarlaýar. Hytaýdan başga-da, bu ugurda Germaniýa, Ýaponiýa, Singapur we BAE öňdebaryjydyr. 


22.05.2026 14:33
5.9k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

10.05.2026 13:00
12k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

06.05.2026 09:23
4.7k+

Hytaýda ekizleriň halkara festiwaly geçirilýär

Hytaýyň Ýunnan prowinsiýasynyň Moszýan-Hani awtonom uezdinde dünýäniň 20 ýurdundan gelen müňden gowrak ekiztaýlary birleşdirýän «Tropik Raka» atly köpöwüşginli halkara festiwaly başlandy....

04.05.2026 23:04
7.5k+

Hytaýda ilat sanynyň 60 million adam azalmagyna garaşylýar

«South China Morning Post» (SCMP) neşiriniň Rhodium Group ylmy-gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, Hytaýyň ilaty ýakyn on ýylyň içinde 60 million adam azalyp biler. Bu......