8.6k+

Liftde näme üçin dymylýar: alymlar ýapyk ýerde oňaýsyzlygyň sebäbini öwrendiler

Liftde nätanyş adamlaryň arasyndaky dymyşlyk şäher gurşawynda mejbury ýakynlyk şertlerine uýgunlaşdyrylan sosial gatnaşyklaryň aýratyn görnüşidir. Perm milli gözleg politehniki uniwersitetinden (RF) alym W.A. Botalow sosiologiýanyň we psihologiýanyň klassyk nazaryýetlerine esaslanyp, bu hadysanyň sebäplerini öwrendi...

6.4k+

Gwardiola taryhda transfer çykdajylary üçin 2 mlrd ýewrodan gowrak sarp eden ilkinji tälimçi boldy

«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Hosep Gwardiola futbol taryhynda klubuň transfer çykdajylaryny 2 mlrd ýewro ýetiren ilkinji tälimçi boldy. Bu barada Transfermarkt internet portaly habar berýär. «Mançester Siti» iki milliard ýewro görkezijisinden «Bornmutdan» ganaly winger Antuan Semenýony 72 mln ýewro satyn alandan soň geçdi – bu häzirki ýanwar aýyndaky transfer penjiresiniň iň uly şertnamasy boldy...

2.1k+

NASA Crew-11 ekipažyny 15-nji ýanwarda Ýere gaýtaryp getirer

NASA Crew-11 kosmos gämisiniň ekipažyny 15-nji ýanwarda Ýere gaýtaryp getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada agentligiň metbugat gullugy X sosial media platformasynda habar berdi. Crew-11 missiýasy Halkara kosmos stansiýasynda 2-nji awgustdan bäri işleýär...

9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi...

6.4k+

10 sekuntlyk duzak: Ilkinji täsirler nähili emele gelýär?

Russiýanyň Perm Milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary geň galdyryjy bir hakykaty ýüze çykardylar: nätanyş adam baradaky ilkinji täsirimiz bary-ýogy 7-10 sekundyň içinde kemala gelýär. Iň gyzykly tarapy bolsa, bu täsir adamyň şahsyýetine däl-de, biziň aňymyzdaky "gender stereotiplerine" esaslanýar...

2.1k+

«Habbl» teleskopy kosmosda täze görnüşli obýekti tapdy: Ýyldyzsyz «Bulut 9»

«Habbl» (Hubble) kosmos teleskopy örän geň galdyryjy astronomik obýekti — içinde ýekeje ýyldyz hem bolmadyk, diňe gazdan we garaňky maddadan ybarat bolan ägirt uly buludy ýüze çykardy. Phys.org neşiriniň habar bermegine görä, bu açyş galaktikalaryň nähili emele gelýändigi baradaky ylmy garaýyşlary üýtgedip biler...

2.5k+

Alymlar pagtadan we yzgardan elektrik energiýasyny öndürmegiň usulyny tapdylar

Alymlar adaty pagta matasyny howadaky çyglylygy sorup alýan we ony elektrik energiýasyna öwürýän täze tehnologiýany işläp düzdüler. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu üýtgedilen material batareýa talap etmezden, LED çyralaryny we pes kuwwatly elektron enjamlary 24/7 düzgüninde işledip bilýär...

2.4k+

Google TV üçin Gemini: Telewizoryňyz indi sizi diňleýär we düşünýär

Telewizorlar diňe bir ekran bolmagyny bes edip, öýüňiziň akylly söhbetdeşlik hyzmatdaşyna öwrülýär. Google TV üçin täze Gemini täzelenmesi tehnika bilen gatnaşygy adaty bir söhbetdeşlik derejesine çykardy. Indi telewizoryň sazlamalaryny üýtgetmek üçin pult arkaly çylşyrymly menýularda wagt ýitirmek gerek däl...

2.8k+

Hytaýly taýkonawtlar Aýa uçmak üçin Ýerdäki gowaklarda türgenleşik geçdiler

Hytaýyň kosmonawtlar topary geljekde Aýa amala aşyryljak adamly uçuşlara taýýarlyk görmek maksady bilen, gowaklarda bir aýlyk ýörite okuw-türgenleşik geçdiler. Space News neşiriniň habar bermegine görä, bu maksatnama adamyň ekstremal şertler bilen özara gatnaşygyny öwrenmäge we Aýyň üstüni ýatladýan gurşawda hereket etmegi öwrenmäge gönükdirilendir...

3.7k+

ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär...

4.8k+

2026 World Car Awards baýragynyň finalçylary kesgitlendi

2026 World Car Awards baýragy resmi taýdan başlady. 33 ýurtdan awtomobil žurnalistleri «Ýylyň dünýä awtomobili» ady we aýry-aýry kategoriýalarda baýraklar üçin bäsleşjek modelleri saýlady. Ýeňiji 1-nji aprelde Nýu-Ýork awtosalonynda yglan ediler...

1.5k+

ChatGPT-de saglyk baradaky soraglar üçin aýratyn bölüm peýda boldy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de täze funksiýany – saglyk bilen baglanyşykly soraglar üçin ChatGPT Health ady bilen aýratyn bölümi hödürledi. Bu režimde ulanyjylar has şahsylaşdyrylan jogaplary almak üçin lukmançylyk ýazgylaryny we bedeniň ýagdaýyna gözegçilik ediji programmalary birikdirip bilýär...

5.1k+

FIFA TikTok bilen şertnama baglaşdy we awtorlara DÇ-2026-yny şöhlelendirmäge giň mümkinçilik berdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) TikTok-y 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe sosial ulgamlarda wideokontent ýerleşdirmek üçin birinji «esasy platforma» diýip yglan etdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga we ýaryşy şöhlelendirmegiň netijesinde ony dünýädäki janköýerler üçin has elýeterli etmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi...

133k+

TMBIZ platformasynda – MEGA ÝARYŞ yglan edildi

TMBIZ internet platformasy – söwda we hyzmatlar ulgamynda hödürlenýän teklipleri ilata ilkinji gezek gysga wideo akymlaryň üsti bilen ýetirmäge niýetlenen sanly gurşawdyr. Bu barada biz öň hem habar beripdik. TMBIZ ykjam goşundysyny ýükläp almak üçin şu salgylara basyň: Google Play we AppStore Saýt: tmbiz...

2.8k+

Xiaomi gaýtadan işlenen salon bilen SU7 awtomobiliniň täze neslini görkezdi

Xiaomi kompaniýasy SU7 sedanynyň täze neslini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Hytaýda eýýäm deslapky sargytlar açyldy. Öndüriji awtoulagyň üpjünçiligi we dizaýny barada giňişleýin maglumat berdi. Awtomobiliň daşky görnüşi üýtgemedi diýen ýaly: kuzowyň formasy öňküligine galdy, ýöne täze Capri Blue reňki we 20 dýuýmlyk tigirler goşuldy...

4.2k+

«Roskosmos» kosmosdaky «Roždestwo arçasynyň» suratyny görkezdi

Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy öz Telegram kanalynda Ýekeşah ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän NGC 2264 dumanlygynyň suraty bilen paýlaşdy. Bu obýekt, köplenç, «Roždestwo arçasy» diýlip atlandyrylýar, sebäbi ol öz daşky keşbi boýunça baýramçylyk agajyny ýada salýar...

11k+

50 Cent jenaýatçylykly toparlaryň urşunyň arasynda

50 Cent lakamy bilen meşhur bolan amerikaly reper Kýortis Jekson «Bandalaryň urşy» («Gang Wars») atly seriala prodýuserlik eder diýip, diýip «Deadline» habar berýär.  Bu serial Amerikadaky jenaýatçylykly toparlaryň arasynda bolup geçýän hakyky çekeleşikler hakyndaky tru-kraým-taslamasydyr...

3.7k+

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy

Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy habar berýär. Ýylyň dowamynda Ýewrokomissiýanyň goldaw bermeginde bu şäherlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň medeni köpdürlüligini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler, sergiler we çykyşlar geçiriler...

1.7k+

Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler

Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy...