Hyundai adam şekilli Atlas robotyny hödürledi: ol zawodlarda önümçilik işine kömek eder

  • 10.01.2026 11:11
  • 1.6k+

Las-Wegasdaky CES 2026 sergisinde Hyundai awtokonsernine degişli bolan Boston Dynamics kompaniýasy ilkinji gezek adam şekilli Atlas robotyny köpçülige tanyşdyrdy. Bu gumanoid robototehnika gurşawynda möhüm waka bolup, Tesla ýaly uly tehnologiýa kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşligi güýçlendirdi.

Tanyşdyrylyş wagty Atlas özbaşdak ýerden turdy, sahnada gezmeledi, tomaşaçylara elini galgatdy we korpusyny hem kellesini hereketlendirip görkezdi. Boston Dynamics-iň gumanoid robotlar ugrunyň baş menejeri Zakari Ýakowskiniň aýtmagyna görä, sergide robot inžener tarapyndan uzak aralykdan dolandyryldy, ýöne iş şertlerinde Atlas özbaşdak hereket eder.
Kompaniýa robotyň önümçilik wersiýasynyň eýýäm işlenip düzülýändigini we senagatda ulanmaga gönükdirilendigini aýtdy. 2028-nji ýyla çenli Atlas robotynyň Jorjiýa ştatynda elektromobil ýygnaýan Hyundai zawodynda işläp başlamagyna we önümçilik işlerine kömek etmegine garaşylýar. Tanyşdyrylyşyň ahyrynda robotyň täzelenen dizaýny we gök reňkli korpusy bilen tapawutlanýan senagat wersiýasynyň hereketsiz modeli görkezildi.
Şeýle-de, 2021-nji ýyldan bäri Boston Dynamics-iň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyna eýeçilik edýän Hyundai Google DeepMind bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Kompaniýa tarapyndan döredilen emeli aňy Boston Dynamics-iň robotlarynda ulanmak meýilleşdirilýär, bu hem olaryň awtonom funksiýalarynyň ösüşini çaltlaşdyrar.
Belläp geçsek, Boston Dynamics ozal Google-a degişlidi, soňra ýapon SoftBank-a geçdi, şondan soň ony Hyundai satyn aldy.
Hünärmenler gumanoid robotlaryň köpçülikleýin görkezilişiniň tehniki näsazlyklaryň bolmak töwekgelçiligi sebäpli seýrek waka bolup galýandygyny belleýär. 


12.03.2026 16:56
7k+

Hyundai ýangyn söndürijilere 800°C gyzgynlyga çydamly robotyny gowşurdy

Hyundai Motor Group we Kia kompaniýalary bilelikde täze ýangyn söndüriji roboty işläp düzdüler hem-de 2026-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda ony Günorta Koreýanyň Milli ýangyn söndüriş gullugyna mugt berdiler. Bu döwrebap enjam ulanmaga berleninden bary-ýogy birnäçe hepde geçensoň, Demirgazyk Çhunçhon welaýatyndaky zawodlaryň birinde dörän hakyky ýangyny söndürmekde ilkinji gezek synagdan geçirildi...

13.09.2024 09:36
4.8k+

Hytaý Halkara Aý stansiýasynyň taslamasynyň käbir jikme-jikliklerini aýan etdi

Hytaý 2050-nji ýyla çenli Günorta polýusda, ekwatorda we Aýyň arka tarapynda ýerleşip, gözleg merkezleriniň toplumyna öwrüljek Halkara ylmy Aý stansiýasynyň (ISS) taslamasy baradaky jikme-jiklikleri aýan etdi diýip...

24.04.2023 10:25
14k+

Hyundai-iň ilkinji lunahody 2027-nji ýyla çenli Aýa barar

Hyundai konserni ykjam Aý modulyny işläp başlady. Hyundai/Kia bileleşigi 2022-nji ýylyň ortalarynda kosmos maksatnamasyna gatnaşmak isleýändigini mälim edipdi, ýöne indi Aý roweriniň konsepsiýasy we maksatnamanyň...

24.03.2026 16:50
1.5k+

LEGO 32 gektar meýdanda äpet Gün energiýa parkyny döredýär: ol ýerde 30 700 panel oturdylar

LEGO Group kompaniýasy Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Çesterfild okrugynda öz hususy Gün elektrostansiýasy bolan önümçilik toplumyny gurýar. Taslama 32 gektar meýdany tutýan Gün energiýa parkyny döretmegi göz öňünde tutýar diýip, Interesting Engineering habar berýär...