Hyundai-iň ilkinji lunahody 2027-nji ýyla çenli Aýa barar

  • 24.04.2023 10:25
  • 14k+

Hyundai konserni ykjam Aý modulyny işläp başlady. Hyundai/Kia bileleşigi 2022-nji ýylyň ortalarynda kosmos maksatnamasyna gatnaşmak isleýändigini mälim edipdi, ýöne indi Aý roweriniň konsepsiýasy we maksatnamanyň takmynan amala aşjak wagty kesgitlenildi. Taryhdaky ilkinji Hyundai 2027-nji ýyla çenli Aýa barmaly.

Roweriň dizaýnynyň Hyundai-Kia-da eýýäm bar bolan tehnologiýalary, şol sanda lidar esasly awtonom dolandyryş ulgamyny ulanjakdygy öňe sürülýär. Aý roweri bortdaky batareýalara zarýad bermek üçin Gün panelleri we termosazlaýyş ulgamy, şeýle hem radiasiýa goragy bilen üpjün ediler.
Aý roweri, esasan, iki bölekden - ykjam platformadan we oňa oturdyljak enjamlar toplumyndan ybarat bolar. Ol Aýyň üstüni öwrenmek üçin niýetlenendir: şeýlelik bilen, roweriň toprak nusgalaryny almak üçin robot goly bilen enjamlaşdyrylan bolmagy mümkin. Roweriň toplumynyň agramy 70 kilograma ýetmese gerek.
Kompaniýa aý roweriniň ilkinji prototipi boýunça işleri 2024-nji ýylyň ortalaryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär, şondan soň rower Ýer emeli hemrasynyň üstündäki ýagdaýa ýakyn şertlerde synag üçin iberiler. Kosmiki Hyundai-yň  haýsy maksatnamanyň çäginde  Aýa gitjegi entek kesgitlenmedi.


düýn 20:50
5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

düýn 13:26
1.2k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

düýn 13:04
4.4k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......

30.05.2026 00:14
2.2k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....