Hytaý Halkara Aý stansiýasynyň taslamasynyň käbir jikme-jikliklerini aýan etdi

  • 13.09.2024 09:36
  • 4.8k+

Hytaý 2050-nji ýyla çenli Günorta polýusda, ekwatorda we Aýyň arka tarapynda ýerleşip, gözleg merkezleriniň toplumyna öwrüljek Halkara ylmy Aý stansiýasynyň (ISS) taslamasy baradaky jikme-jiklikleri aýan etdi diýip, Naked Science habar berýär.

Hytaýyň Milli kosmos dolandyryş gullugynyň (CNSA) başlygynyň orunbasary U Yanhua 2035-nji ýyla çenli alymlaryň Aýyň Günorta polýusyndan 100 km radiusda gözleg geçirip biljekdiklerini aýtdy.
ISS “Týangun” kosmos stansiýasynyň tehnologiýasyna esaslanar we Ýer bilen Aýyň arasyndaky ulag ulgamyna öwrüler. Hytaý we Russiýa tarapyndan 2017-nji ýylda ilkinji gezek teklip edilen bu taslama, Aý baýlyklarynyň ylmy gözlegi we peýdalanylmagy üçin platforma döretmäge gönükdirilendir.
Bu taslama eýýäm Hytaý, Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Günorta Afrika, Müsür, Wenesuela, Belarussiýa, Pakistan, Nikaragua, Tailand, Serbiýa we Senegal ýaly birnäçe ýurt gatnaşýar. Geljek 10 ýylyň dowamynda Hytaý bu taslama 50 ýurdy, 500 sany ylmy-gözleg institutyny we 5000 alymy çekmegi meýilleşdirýär.


düýn 20:50
5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

düýn 13:26
1.2k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

düýn 13:04
4.4k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......

30.05.2026 20:46
2.2k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....