Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

  • 12.05.2026 21:10
  • 5.7k+

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy.

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Günorta Koreýanyň häkimiýetleri şahsy düzümiň ýetmezçiligi meselesini çözmek üçin uçuşsyz ulgamlary we emeli aň esasyndaky tehnologiýalary ulanmagy göz öňünde tutýar. Harby edara Hyundai bilen gepleşikleriň «ýokary tehnologiýaly, ylma esaslanýan ýaragly güýçleri» döretmek ugrunyň çäklerinde alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Robototehnikanyň ilki bilen söweşjeň bolmadyk wezipelerde – gözegçilik, aňtaw we logistika işlerinde ulanylmagyna garaşylýar. Göz öňünde tutulýan modelleriň arasynda Boston Dynamics kompaniýasynyň Spot dört aýakly roboty, MobED Mobil platformasy we esgerler üçin niýetlenen, egne geýilýän X-ble Shoulder ekzoystyhan ulgamy bar.

Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň anyk şertleri ylalaşylmadyk. Hyundai kompaniýasynyň wekili hem bu mesele boýunça teswir bermekden saklandy.


07.06.2026 20:08
4.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2.2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:45
8.4k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....