Huawei rowaýata öwrülen marafonçy Eliud Kipçoge bilen hyzmatdaşlykda täze ylgaw sagadyny döredýär

  • 11.01.2026 11:37
  • 2.3k+

Huawei kompaniýasy sport dünýäsiniň rowaýaty şahsyýeti, marafonçy Eliud Kipçoge we professional Dsm-firmenich topary bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady — ylgawçylar üçin niýetlenen täze we ýöriteleşdirilen Running Watch seriýasyny hödürlemekdir.

Bu ädim Huawei-niň Garmin, Suunto we Polar ýaly brendleriň agalyk edýän professional sport enjamlary bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Täze model 2021-nji ýyldaky Watch GT Runner modelinden soň dörän boşlugy doldurar.
Marafon dünýäsinde Eliud Kipçoge edil futbolçy Messi ýa-da boksçy Muhammad Ali ýaly uly abraýa eýedir. Ol iki gezek Olimpiýa çempiony, marafony (42,195 km) 2 sagatdan az wagtda ylgap geçen taryhdaky ilkinji ynsandyr.
Şeýle hem, 5 km we 10 km aralyklarda dünýä rekordçysy Joşua Çeptegeý hem täze sagady synagdan geçirmäge we türgenleşik maglumatlaryny kämilleşdirmäge gatnaşar.
Huawei täze enjamda ölçegleriň iň ýokary takyklygyna üns berer. Esasy tehnologiýalar:

  • TruSense: Saglyk görkezijilerine gözegçilik etmek üçin sensorlar ulgamy;
  • Sunflower GPS: Kompaniýanyň hususy ýokary takyklykly ýerleşiş ulgamy;
  • 97% Takyklyk: 100 sany hünärmen ylgawçynyň gatnaşmagynda geçirilen synaglara esaslanyp, sagat ýaryşyň netijelerini çaklap biler.

Kompaniýa çylşyrymly professional modeller bilen gündelik akylly sagatlaryň arasyndaky "altyn ortalygy" eýelemegi, ýagny professional maglumatlary has düşnükli formatda hödürlemegi maksat edinýär. Enjamyň çykaryljak senesi we bahasy ýakyn wagtda mälim ediler.


29.04.2026 14:40
1.7k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

15.04.2026 16:27
6.6k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......