Her gün 40 mln adam ChatGPT-ä saglyk baradaky soraglar bilen ýüz tutýar

  • 10.01.2026 11:15
  • 2.4k+

Her gün dünýäde 40 milliondan gowrak adam saglyk barada maglumat almak üçin ChatGPT-ni ulanýar. OpenAI-iň hasabatyna görä, çat-botda ähli habarlaryň 5%-den gowragy lukmançylyk temasy bilen baglanyşykly diýip, Axios neşiri habar berýär.

Her hepde ChatGPT-ä lukmançylyk maslahatlaryna degişli milliardlarça sorag gelýär. 800 milliondan gowrak yzygiderli ulanyjynyň her dördünjisi, iň bolmanda, bir gezek saglyk bilen bagly sorag berdi.

«Emeli aň öz-özünden ýapyk hassahanany gaýtadan açyp, işini bes eden akuşerlik bölümini dikeldip ýa-da beýleki möhüm, ýöne ýitip barýan hyzmatlary çalşyp bilmeýär. Ýöne gysga möhletli geljekde bu öz goşandyny goşup, lukmançylyk hyzmatlary bilen ýeterlik derejede üpjün edilmedik sebitlerde adamlara maglumatlary düşündirmäge, bejergä taýýarlanmaga we lukmançylyk kömegine elýeterlilikdäki boşluklary aradan aýyrmaga kömek eder, şeýle-de seýrek kesellere ýöriteleşýän lukmanlara wagtyny boşatmaga we professional argynlygyň derejesini peseltmäge kömek eder» — diýlip, OpenAI kompaniýasynyň habarynda aýdylýar.                                                      

Amerikan lukmançylyk assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ABŞ-da bir ýyl ozalky 38% bilen deňeşdirilende, lukmanlaryň 66%-i EA ulandy. Wolters Kluwer-iň gözlegi ýurtda bäş lukmançylyk işgäriniň ikisinden gowragynyň hepdede azyndan bir gezek generatiw EA-dan peýdalanýandygyny görkezdi.
Şeýle-de, OpenAI ABŞ-nyň hassahanalaryň ýetmezçilik edýän oba ýerlerinde her hepde, takmynan, 580 müň lukmançylyk soragynyň gelip gowuşýandygyny belleýär. Kompaniýa saglygy goraýyş pudagynda düzgünleri üýtgetmek boýunça teklipleri neşir etmek meýilnamalary barada aýtdy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......