Alymlar Antarktidanyň buzunyň 500 metr aşagynda gizlenip ýatan "dünýäni" tapdylar

  • 11.01.2026 13:11
  • 15k+

Alymlar Antarktidanyň Larsen buzluklarynyň aşagyndaky ýerasty derýada, 500 metr çuňlukda öň mälim bolmadyk täze bir ekoulgamy ýüze çykardylar. Bu açyş yklymyň gizlin suw ulgamlaryny we ýerasty derýalaryny öwrenmek üçin geçirilen ylmy işleriň barşynda amala aşyryldy.

Açyş barada Täze Zelandiýanyň Suw we atmosfera barlaglary milli institutynyň (NIWA) alymlary habar berdiler.
Alymlar ägirt uly buz gatlagyny burawlamak üçin gyzgyn suwly ýörite şlangy ulanyp, 500 metrlik guýy burawladylar.
Kamerany çuňluga düşürenlerinde, olar enjam näsazlygydyr öýtdüler. Ýöne fokusy sazlanlaryndan soň, ekranda ýüzlerçe janly organizmiň — amfipodlaryň (leňňeç şekilliler) barlygyny gördüler.
Beýle çuňlukda, doly garaňkylykda we aşa sowuk şertlerde işjeň krewetkalaryň we beýleki janly-jandarlaryň tapylmagy barlagçylary geň galdyrdy.
Mundan beýläkki barlaglar şeýle üzňe (izolirlenen) ulgamlarda iýmit maddalarynyň nähili aýlanýandygyny we ýaşaýşyň nähili dowam edýändigini öwrenmäge gönükdiriler.
Bu açyş Antarktidanyň buz gatlaklarynyň aşagynda özbaşdak işleýän ägirt uly suw we ýaşaýyş torlarynyň bardygyny subut edýär.

"Şeýle gurluşda diri krewetkalaryň we beýleki işjeň haýwanlaryň bolmagy toparyň sözüň doly manysynda begenjinden uçmagyna sebäp boldy" — diýip, barlagçylar bu pursady ýatlaýarlar.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....