«ManÝunaýted» işden çykaran tälimçileriniň öwez tölegine £100 mln töweregi sarp etdi

  • 10.01.2026 18:57
  • 5.7k+

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol kluby topardan ser Aleks Fergýuson gideni bäri tälimçileriň we olaryň kömekçileriniň öwez tölegine, takmynan, 100 mln funt sterling (115 mln ýewro) sarp etdi. Şeýle maglumaty The Telegraph neşiri berýär.

Duşenbe güni, 5-nji ýanwarda, klub Ruben Amorimi işden çykardy. Ol indi öz şertnamasynyň galan bir ýarym ýyly üçin 10 mln funt sterling (11,5 mln ýewro) alar.
Mundan öň klub işden çykarylan tälimçiler ştabyna 78 mln funt sterling (90 mln ýewro) möçberde töleg töledi. Dewid Moýese 4,9 mln funt sterling (5,6 mln ýewro), Lui Wan Gala 8,4 mln funt (9,6 mln ýewro), Žoze Mourinýu 19,6 mln funt (22,5 mln ýewro), Ule-Gunnar Sulşere 10 mln funt (11,5 mln ýewro), Ralf Rangnike 14,7 mln funt (16,9 mln ýewro), Erik ten Haga bolsa 10 mln funt (11,5 mln ýewro) töledi.
Mundan başga-da, klub täze tälimçileri çagyrmak, şeýle-de sport müdirlerini işe almak we işden çykarmak üçin, takmynan, 21 mln funt sterling (24 mln ýewro) sarp etdi. Iň uly öwez tölegi 11 mln funt sterling (12,6 mln ýewro) boldy we 2024-nji ýylda Amorimiň bellenendigi üçin «Sportinge» geçirildi.
Belläp geçsek, Fergýuson klubdan 2013-nji ýylda gitdi.  


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....