«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

  • 15.05.2026 08:01
  • 3.2k+

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28 möwsüminiň ahyryna çenli hereket eder we oňa şertnamany ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi hem goşular.

Resminamalara ýakyn wagtda resmi taýdan gol çekilmegine garaşylýar.

61 ýaşly nemes hünärmeni 2024-nji ýylyň maýynda katalonlaryň ýolbaşçylygyna geçdi we eýýäm topar bilen uly üstünlikleri gazanmagy başardy. Onuň ýolbaşçylygynda «Barselona» iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, iki gezek ýurduň Superkubogyny gazandy, şeýle hem Patyşanyň kubogynyň eýesi boldy.

Klubuň ýolbaşçylary häzirki netijeleri göz öňünde tutup, tälimçä doly ynam bildirýändiklerini mälim etdi.

Hans-Diter Fligiň baý iş tejribesi bar: ol 2019/20 möwsüminde Mýunheniň «Bawariýasyny» «trebla» ýetirip, Bundesligany, Germaniýanyň Kubogyny we Çempionlar ligasyny utdy. Şeýle hem, onuň Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen iş tejribesi bar, ol ýerde 2014-nji ýylda Ýoahim Lýowuň kömekçisi hökmünde dünýä çempiony boldy. Öz karýerasynyň dowamynda Flik «Bammental» we «Hoffenhaým» ýaly klublarda hem işledi.


düýn 22:49
3k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......