ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi

  • 10.01.2026 19:10
  • 3.7k+

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi.

Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Maksatnama gatnaşýanlar 2027-nji ýylyň ýanwarynda ýa-da sentýabrynda başlanjak alty hepdelik okuw maksatnamasy üçin ABŞ-a ugradylar.
Dalaşgärler doly görnüşdäki arzany tabşyrmaly we aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

  • Iň azyndan 5 ýyllyk iş tejribesi bolan (doly iş güni) orta mekdeplerde ýa-da dil merkezlerinde häzirki wagt işläp ýören mugallymlar bolmaly. Olar şu ugurlar boýunça iş alyp barýan bolmaly: iňlis dili, matematika, tebigy ylymlar, jemgyýetçilik ylymlary, žurnalistika, kommunikasiýa, STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika), ýörite bilim we esasan ýerli ilata hyzmat edýän beýleki okuw edaralary;
  • 12 ýaşdan 18 ýaşa çenli okuwçylara sapak berýän orta we ýokary synp mugallymlary bolmaly. Kiçi synplar bilen bilelikde işlenilýän ýagdaýlarda, olaryň iş wagty umumy iş möçberiniň azyndan 50 göterimi bolmaly;
  • Maksatnama tamamlanandan soň hem azyndan 5 ýyl mugallymçylyk işini dowam etdirmegi meýilleşdirýän, işjeň mugallymlar bolmaly;
  • Arza tabşyrylan hem-de maksatnama gatnaşylan pursatynda Türkmenistanyň raýaty bolup, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan bolmaly.

Arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda sagat 23:59-a çenli AshgabatEducation@state.gov elektron poçta salgysynda kabul edilýär.
Maksatnama barada has giňişleýin maglumatlary ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.


düýn 18:58
1.3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.1k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......