Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi

  • 10.01.2026 19:18
  • 3.3k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň düzgünnamasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň saýtynda çap edildi.

Bäsleşige resminama kabul edilen gününe çenli 35 ýaşy dolmadyk ýaşlaryň özbaşdak ýerine ýetiren ylmy işleri kabul edilýär. Şol bir wagtyň özünde, bäsleşige ozal ýeňiji bolan ýaşlara gatnaşmaga hukuk berilmeýär.
Düzgünnama laýyklykda, ylmy işiň ady 10 sözden köp bolmadyk, sahypasy 35-den az bolmadyk, türkmen dilinde kitap, makala, ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setirarasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) laýyk gelýän çap görnüşinde hödürlenýär. Ylmy işde döwlet nyşanlarynyň, bezegleriň we peýdalanylan edebiýatlaryň bolmagy hökmandyr.
Bäsleşik üç tapgyrda geçirilýär hem-de şu ýylyň 12-nji iýunynda – Ylymlar güni mynasybetli jemlener.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşige hödürlenýän ylmy işler 2026-njy ýylyň 15-nji fewralyna çenli sagat 09:00-dan 13:00-a we 14:00-dan 18:00 aralygynda Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan kabul edilýär we ýaşlaryň ylmy işlerine baha berjek seljeriş toparyna iberilýär.
Sorag-jogap üçin telefon belgisi: 44-88-55.


şu gün 12:41
189

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
613

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......