TMBIZ platformasynda – MEGA ÝARYŞ yglan edildi

  • 10.01.2026 13:58
  • 133k+

TMBIZ internet platformasy – söwda we hyzmatlar ulgamynda hödürlenýän teklipleri ilata ilkinji gezek gysga wideo akymlaryň üsti bilen ýetirmäge niýetlenen sanly gurşawdyr. Bu barada biz öň hem habar beripdik.

TMBIZ ykjam goşundysyny ýükläp almak üçin şu salgylara basyň:

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylyň başlanmagy mynasybetli TMBIZ internet platformasy Ulanyjylaryň arasynda uly ýaryşyň başlanandygyny yglan edýär. Bu ýaryş:

  •  ýöne bir bijeleriň ýa-da nesibeleriň synagy däl,
  • ol hakyky zähmetiň, yhlasyň, tagallanyň ýaryşy!

Ýaryşa gatnaşmak isleýänleriň her biri öňi bilen TMBIZ platformasynda agza bolmalydyrlar. Munuň üçin olar Google Play ýa-da AppStore marketpleýsinden TMBIZ goşundysyny öz el telefonlaryna göçürip almalydyrlar ýa-da elektron gurnamasyndan (kompýuterinden we ş.m.) https://tmbiz.info internet salgysyna ýüzlenmelidirler. Şondan soňra aşakdaky hereketleri amala aşyrmalydyrlar: 

  1. TMBIZ goşundysyny ýükläp almaly;
  2. Platforma agza bolmaly;
  3. Ýaryşa gatnaşmak üçin gerekli möçberde bal toplamaly;
  4. Toplanan baly ulanyp ýaryşa gatnaşmak hukugyna eýe bolmaly.

Şondan soňra:

  1. Öz deň – duşlaryny, tanyşlaryny platforma agza bolmaga çagyrmaly (referal maksatnama).
  2. Ulanyjy hasaby bilen paýlaşmaly;
  3. Resmi hasaplary yzarlamaly;

Her bir ýerine ýetirlen iş goşmaça bal gazanmak mümkinçiligidir.
Bal näçe köp bolsa, ýeňiş gazanmak mümkinçiligi şonça ýokarydyr!
Eger, Ulanyjy öz bal toplamak mümkinçiligini has-da artdyrmak islese, onda ol öz ulanýan ýönekeý hasabyny Resmi hasaba öwürmelidir. Munuň üçin bolsa, Ulanyjy Premium bal almaly bolýar.

Ýeňijileri saýlap almak toplanan umumy ballarynyň jemine görä adalatly we aýdyň esasda ýörite işlenip düzülen programma üpjünçiligi arkaly hasaplanan statistiki görkezjilere laýyklykda geçiriler.

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar, ýagny:

  • iPhone 17 PRO;
  • geýmerler üçin Play Station gurnamasy;
  • 65 dýumlyk telewizor

bilen bir hatarda, kir ýuwujy maşyn, sowadyjy, mikro tolkunly peç ýaly ýene-de onlarça utuşly sowgatlar hem-de pul baýraklary garaşýar.  

Islegli sowgatlar!
Unudylmajak pursatlar!
Gyzykly wideo kontentler size garaşýar!

TMBIZ – ýöne bir platforma bolman, telekeçiligiň sanly ösüşdäki ägirt uly mümkinçiligidir. Öz işiňizi gysga wideo akymlaryň üsti bilen tanadyň, müşderileriňiziň hataryny giňeldiň we döwrebap marketing mümkinçiliklerinden peýdalanyň!


18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......