Liftde näme üçin dymylýar: alymlar ýapyk ýerde oňaýsyzlygyň sebäbini öwrendiler

  • 11.01.2026 20:28
  • 8.6k+

Liftde nätanyş adamlaryň arasyndaky dymyşlyk şäher gurşawynda mejbury ýakynlyk şertlerine uýgunlaşdyrylan sosial gatnaşyklaryň aýratyn görnüşidir. Perm milli gözleg politehniki uniwersitetinden (RF) alym W.A. Botalow sosiologiýanyň we psihologiýanyň klassyk nazaryýetlerine esaslanyp, bu hadysanyň sebäplerini öwrendi.

Sosiologyň pikiriçe, liftde nätanyş adamlaryň bolmagy olarda gorag mehanizmlerini işjeňleşdirýär.
Botalow ýagdaýy Irwing Goffmanyň dramaturgik çemeleşmesi nukdaýnazaryndan düşündirýär. Onuň nazaryýetine görä, adamlar (aktýorlar) jemgyýetde özi bilip ýa-da bilmezden daş-töwerekdäkilerde täsir galdyrmak üçin bellibir rollary ýerine ýetirýär. Şol bir wagtyň özünde, özüňi alyp barşyň iki sahnasy bar: öňdäki planda – köpçülikde adam beýleki adamlaryň arasynda bolmak bilen, özüni agras alyp baryp, sosial düzgünleri berjaý edýär, öz sözleýşine, egin-eşigine we hereketlerine üns berýär; yzky planda – adam özüni erkin alyp baryp, düzgüne girjek bolmaýar.
Her bir ýolagçy özi bilmezden aktýor roluny kabul edýär we «göze ilmeýän ýolagçynyň» maskasyny saklamak üçin dymmak strategiýasyny ulanýar. Bu sahna hökmünde kabul edilýän köpçülikleýin giňişlikde bolmakdan ýüze çykýan oňaýsyzlygy azaltmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, awtor Edward Holl bilen Robert Sommeriň şahsy giňişlik baradaky nazaryýetlerine esaslanýar. Liftde adamlar biri-biriniň has şahsy çäklerini (45 sm-den az aralyk) bozmaly bolýandygy üçin, gorag reaksiýasynyň üç görnüşi ýüze çykýar:

  • Wizual gaçyş (göz bakyşyndan gaçmak);
  • Fiziki böwedi döretmek (ýapyk duruş ýagdaýy);
  • Predmet mediasiýasy;

Ylmy gözlegde aýratyn üns predmet mediasiýasyna – psihologik aralygy döretmek üçin obýektleriň ulanylmagyna berilýär. Eger XX asyrda «sosial galkan» hökmünde gazetler we kitaplar çykyş eden bolsa, häzirki günde olaryň ornuny smartfonlar, nauşnikler we elektron kitaplar tutýar. Adamlar gajetleri işlilik illýuziýasyny we audioizolýasiýany döretmek üçin «sosial galkan» hökmünde ulanýar we töweregindäki adamlara gürleşmek üçin elýeterli däldigi barada signal berýär.
Botalow sanly tehnologiýalaryň «köpçülikde sanly ýalňyzlyk» hadysasyny güýçlendirýändigini belleýär: biz fiziki taýdan ýakyn, ýöne aragatnaşyk ýok. 
Netijede, liftde dymyşlyk aragatnaşygyň ýokdugy däl-de, psihologik rahatlygy saklamaga we gizlin jemgyýetçilik kadalaryna eýermäge kömek edýän uýgunlaşma usulydyr. 


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....